"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Döwrüň beýik hakykaty

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ösüşiň täze belentliklerine gadam basan türkmen diýary bu gün bagtyýarlygyň mesgeni. Ata-babalarymyzyň döwletlilik babatda asyrlarboýy eden arzuwy bu gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda amala aşdy. Halkyň ykbalynda bagtyň kuýaşy bolup dogan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlar bilen ýaşamak — iňňän uly bagt. Agzybirligiň, abadanlygyň bar ýerinde bagt bar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek üçin öňe süren beýik maksatlary bu gün özüniň bol hasylyny berýär. Ösüşiň täze belentliklerine okgunly barýan diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn özgerişlikler, uly öňegidişlikler bar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan öňdengörüjilikli we paýhasly içeri we daşary syýasatymyz Türkmenistan döwletimizi dünýä tanatdy. Ýurduň başynda halkyň aladasyny edýän milli Lider duranda, hyýallara sygmaýan iň ajaýyp zatlary hem hasyl edip bolýandygyny dünýä ýüzüne subut etdik. Hormatly Prezidentimiziň beýik syýasatlary netijesinde bu mukaddes toprakda bagtyýarlyk höküm sürýär. Medeni, syýasy, ykdysady ugurlar boýunça sanlyja ýylyň içinde ägirt uly üstünliklere ýetmek miýesser etdi.

Ýanwar — 2022: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda häzirki döwrüň meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, sebit we halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üpjün etmekde amatly şertleri döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Döwletimiz dünýä bileleşiginiň bu babatdaky tagallalaryna işjeň gatnaşyp, parahatçylyk döredijilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly hem-de üstünlikli ilerleýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän 2022-nji ýylyň ilkinji aýy hem bu babatda bellärliklidir. Şu geçen döwürde möhüm wakalaryň hatarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlardyr sergiler bar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Aşgabat, 15-nji fewral. Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin «BMG — Zenanlar» düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýylda BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýylda BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 14-nji fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistan — Gazagystan: netijeli gatnaşyklar pugtalanýar

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza Gazagystanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Öz gezeginde milli Liderimiz hem gazagystanly kärdeşine mähirli salamyny aýdyp, Gazagystanyň Türkmenistan üçin möhüm, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaş bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby koreý dilinde neşir edildi

«7/24.tm», № 07 (90), 14.02.2022.  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän gününde guralyp, dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklar we däp-dessurlar bilen tanyşmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dowamy boldy.

«Velo­dy­ne»-iň paý­na­ma­la­ry gym­mat­la­dy

«Velo­dy­ne» hem-de «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy ma­ýa go­ýum­lar bi­len has-da iş­jeň­leş­ýär. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2030-njy ýy­lyň 4-nji few­ra­ly­na çen­li «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy «Velo­dy­ne»-iň her paý­na­ma­sy üçin ABŞ-nyň 4,8 dol­la­ry möç­be­rin­de gym­mat­ly ka­gyz­la­ry­ny sa­tyn alar. Yla­la­şy­gyň şert­le­ri­ne gö­rä, paý­na­ma­la­ryň umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 200 mil­lion dol­la­ry­na çen­li aý­ry-aý­ry tö­leg­le­riň esa­syn­da bel­li bir möh­let­de ge­çi­ri­ler. «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy «Velo­dy­ne» üçin gel­je­gi uly hyz­mat­daş­la­ryň bi­ri­dir. «Velo­dy­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň en­jam­la­ry ama­zon.com-yň sy­nag tas­la­ma­la­ryn­da ula­nyl­ýar.

«Re­pub­lic Services» kompaniýasy «US Ecolo­gy»-ni sa­tyn al­ýar

Ame­ri­ka­nyň «Re­pub­lic Services» kom­pa­ni­ýa­sy «US Ecolo­gy» kom­pa­ni­ýa­sy­ny ABŞ-nyň 2,2 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy. Şert­na­ma­nyň şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, «US Ecolo­gy»-niň paý­dar­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy üçin ABŞ-nyň 48 dol­la­ry­ny nagt alar­lar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Mizemez doganlyk gatnaşyklara ygrarlylyk

7-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem ol ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegi iki halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly binýadyny goýdy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda daşary syýasat, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary boýunça gatnaşyklar giňden ösdürilýär.

Dünýä uzaýan dostluk köprüleri

11-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak çözgütler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň aýdyň maksatlaryny özünde jemlär. Onuň gün tertibine hödürlenip, kabul ediljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine almak bilen, onda iri desgalaryň, önümçilik kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny giň gerimde alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýol-ulag düzümine degişli taslamalaryň hem göz öňünde tutulýandygy aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» atly kitabynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky ýörelgäni yglan edip, önümçiligi ösdürmegiň esasy serişdeleriniň adam faktoryndan we adamlaryň döwletiň ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde umumy mümkinçiliklerinden ugur alnandygyna aýratyn ünsi çekýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hemişe ýokary derejede bol

Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygy: parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleriniň täze mazmuny

Hormatly Prezidentimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny tejribä ornaşdyrmagyň amatly geosyýasy guraly hereketde Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Liderler döwletara gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryna üns berdiler we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardygyny bellediler. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädimdir.

Türkmenistan — Hytaý: ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemäge täze itergi

Mälim bolşy ýaly, fewral aýynyň 3 — 5-i aralygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça strategik hyzmatdaşymyz bolan dostlukly ýurda iş saparyny amala aşyrdy. 4-nji fewral güni milli Liderimiz Pekinde geçirilýän ХХIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Galyberse-de Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Olimpiýa hereketine ygrarly döwletdir. Sport diplomatiýasy döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki iş saparynyň özboluşly ähmiýeti bardyr.

Dost-doganlygyň aýdyň beýany

Öňňin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen gabat geldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Şunda medeni ulgamda hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilinde neşir edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu kitabyň koreý dilinde neşir edilmegi buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň oňyn netijesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Munuň şeýledigine BMG we onuň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk hem-de onuň oňyn netijesi şaýatlyk edýär. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzy begendirdi. Munuň özi milli Liderimiziň türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamak hem-de ony dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işleriniň üstünlikli amala aşýandygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Seulda diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenildi

Düýn Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň Baş direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy we Seulda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda oňa gatnaşyjylara türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitlere hem-de ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda iki ýurduň Liderleriniň tagallasy esasynda soňky ýyllarda has depginli ösdürilýän Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça gatnaşyklaryň ýokary derejesi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, çärä gatnaşyjylar oňyn Bitaraplyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda yzygiderli berkidilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan — Hytaý: dostluk, hoşniýetlilik, ygtybarlylyk

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar barada aýdylanda, bu gatnaşyklaryň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak hem-de uzak möhletleýinlik häsiýetine eýedigini nygtamak zerurdyr. Muny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 4-NJI FEWRALDA MILLI LIDERIMIZ PEKINDE XXIV GYŞKY OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNYŇ HORMATLY MYHMANY BOLDY