Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

14 Fewral 2022
1346

Aşgabat, 12-nji fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

www.tdh.gov.tm