Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

10 Fewral 2022
1034

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem ol ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegi iki halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly binýadyny goýdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda daşary syýasat, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary boýunça gatnaşyklar giňden ösdürilýär.

Nurgeldi BAÝRYÝEW,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy.