Türkmenistan — Gazagystan: netijeli gatnaşyklar pugtalanýar

14 Fewral 2022
913

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza Gazagystanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Öz gezeginde milli Liderimiz hem gazagystanly kärdeşine mähirli salamyny aýdyp, Gazagystanyň Türkmenistan üçin möhüm, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaş bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

"Nesil".