«Velodyne» hem-de «Amazon» kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy maýa goýumlar bilen has-da işjeňleşýär. Şertnama laýyklykda, 2030-njy ýylyň 4-nji fewralyna çenli «Amazon» kompaniýasy «Velodyne»-iň her paýnamasy üçin ABŞ-nyň 4,8 dollary möçberinde gymmatly kagyzlaryny satyn alar. Ylalaşygyň şertlerine görä, paýnamalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 200 million dollaryna çenli aýry-aýry tölegleriň esasynda belli bir möhletde geçiriler.
«Amazon» kompaniýasy «Velodyne» üçin geljegi uly hyzmatdaşlaryň biridir. «Velodyne» kompaniýasynyň enjamlary amazon.com-yň synag taslamalarynda ulanylýar.