Döwrüň beýik hakykaty

17 Fewral 2022
939

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ösüşiň täze belentliklerine gadam basan türkmen diýary bu gün bagtyýarlygyň mesgeni. Ata-babalarymyzyň döwletlilik babatda asyrlarboýy eden arzuwy bu gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda amala aşdy. Halkyň ykbalynda bagtyň kuýaşy bolup dogan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlar bilen ýaşamak — iňňän uly bagt. Agzybirligiň, abadanlygyň bar ýerinde bagt bar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek üçin öňe süren beýik maksatlary bu gün özüniň bol hasylyny berýär. Ösüşiň täze belentliklerine okgunly barýan diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn özgerişlikler, uly öňegidişlikler bar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan öňdengörüjilikli we paýhasly içeri we daşary syýasatymyz Türkmenistan döwletimizi dünýä tanatdy. Ýurduň başynda halkyň aladasyny edýän milli Lider duranda, hyýallara sygmaýan iň ajaýyp zatlary hem hasyl edip bolýandygyny dünýä ýüzüne subut etdik. Hormatly Prezidentimiziň beýik syýasatlary netijesinde bu mukaddes toprakda bagtyýarlyk höküm sürýär. Medeni, syýasy, ykdysady ugurlar boýunça sanlyja ýylyň içinde ägirt uly üstünliklere ýetmek miýesser etdi.

Jennet HALMURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmeni