"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Makalalar

Şa serpaýy kalbymyň nur şuglasy

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ençeme raýatlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, medeniýet, sungat işgäri Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak bagtynyň maňa-da miýesser edenligi üçin begenjimiň, buýsanjymyň, Gahryman Arkadagyma hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyň çägi ýok. Ähli döwlet sylaglary ýaly, bu medalyň şuglasy ýüreklerimize, kalbymyza ylham nuruny saçýar. Geljegimize ýalkym saçýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň ruhundan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Pyragynyň eserlerine mähir nurundan dörän bu medal biziň üçin mukaddeslik medalydyr, ömrümiziň bagt ýyldyzydyr. Şu pursatda meniň kalbym joşgundan, buýsançdan doly. Menzili daglar içredir, sähraýa aşyk bolmuş,Arzuw-umytda düşledi, Gün-Aýa aşyk bolmuş,Berkarar döwlet istedi, Pyragy bagtyn görmüş,Size kuwwat, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!Size uýýas, Size şöhrat, Gahryman Arkadagymyz!

Ömür ýatdan çykmajak bagtly pursat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her güni, her sagady taryhy wakalardan doly. Şol wakalar özüň bilen hem baglanyşykly bolanda ol aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. 2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesi bilen birlikde Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagym meniň üçin ýatdan çykmajak pursat boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permanyndaky: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin... » diýen sözleri okanyňda başyň asmana ýetýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Habarlar

4-nji okt­ýabr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di hem-de öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. 5-nji okt­ýabr. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň ­Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň ýan­war-sent­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan­da howp­suz­ly­gy we pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, bu dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ola­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Şygryýet bossany

Bar meniň Dogduk mekan ata Watan, bagy-bossanym bar meniň,Belent-belent maksat tutan, dilde dessanym bar meniň,Binalary hatar-hatar, göwün islänim bar meniň,Topragynda güller biten, gül-gülüstanym bar meniň,Garaşsyz hemem Bitarap Türkmenistanym bar meniň.

Şygryýet bossany

Ata Watan Garaşsyz, Bitarap, ata Watanym,Dünýä şöhle saçýan adyňa gurban!Ösüşli ýollardan ýeňşe ýetenim,Gowşamaýan bedew badyňa gurban!

Şygryýet bossany

Watanym meniň Watanym mydama ajaýyp, beýik,Täze ýyla barýaň toý donuň geýip,Halkymyz ýaşaýar söýülip, söýüp,Älemde ýeke-täk Watanym meniň.

Şygryýet bossany

Arkadagly Serdar bilen Bagtyýarlyk ylhamynda,Öňe barýas ynam bilen.Her ädimde joşup barha,Arkadagly Serdar bilen.

Şygryýet bossany

Mukaddesligiň nyşany Mukaddes ýörelgäň beýik nyşany,Waspyň dillerimiň senasy Watan.Äleme bellidir şöhraty-şany,Ajaýyp döwürleň penasy Watan.

Bagtyýarlygyň hem gözelligiň mekany

Biz mu­ňa her ädim­de şa­ýat bol­ýa­rys Islendik halkyň ykbaly şol ýurduň döwlet Baştutanynyň öňe sürýän taglymatlary we başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşykly. Çünki ol taglymatlar ýurduň içeri hem daşary syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ata-babalarymyzyň nesilme-nesil geçirip gelýän hoşniýetlilik, dostluk ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu gün ol röwşen başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar we Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite resminamalary arkaly berkidilýär. Çünki halklaryň arasynda parahatçylygy ýaýmak, özara düşünişmek hem ynanyşmak medeniýetini ösdürmek dünýäniň gün tertibinde duran esasy meseleleri çözmegiň ygtybarly gurallary bolup durýar. Şonuň üçin döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasaty onuň dünýädäki abraýynyň barha pugtalanmagyna getirýär. Şular dogrusynda söhbet açylanda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gazanan Bitaraplygymyzyň nä derejede uly ähmiýete eýedigi hakynda oýlanýarsyň. Baky Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolup, ony iki gezek ykrar etdiren ýurdumyzyň abraýynyň dünýä dolmagynda oňyn Bitaraplygyň örän uly ornunyň bardygyna göz ýetirýärsiň. «Pähi

Magtymgulynyň ýoly mukaddesliklerden doly

2024-nji ýylyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, şahyryň ömrüne, döredijiligine dahylly ylmy we edebi eserleriň has köp ýazylmagyna iterdi. Metbugatda we habar beriş serişdelerinde akyldar şahyryň manyly, çuňňur mazmunly hem-de hikmete baý, syrly setirleri dogrusynda söz açýan ylmy makalalar, ýörite kitaplar, gollanmalar yzygiderli çap edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp, dürli halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi ýola goýuldy. Şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edilýär. Daşary ýurtlarda şahyryň terjime edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly turuwbaşdan döredijiligiň, joşgunly ylhamyň ruhuny bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak bilen şahyryň umumadamzat bähbitli paýhaslaryny durmuş ýüzünde hasyl edýär. Şahyryň arzuwlaryny hakykata öwürýär. Şol paýhaslar, öwüt-nesihatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýär. Çünki Magtymguly şahyr şeýle hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip bilen, sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin gerek bolan edep kadalaryna, gylyk-häsiýetlerine Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir

Ady ebedi şöhrata beslenen akyldar

Şöhrat-şany älem içre aýlanar

Dünýäde inkär edip bolmaýan hakykat bar. Ol günüň-günden, aýyň-aýdan parhly bolup, her bir geçýän günüň halkyň hakydasynda, ýurduň taryhynda öz öçmejek yzyny goýýanlygydyr. Ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda eşretli günleriň hözirini görýän mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän daşary we içeri syýasatyny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň şaýady bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň döwrebap öwüşginler bilen dikeldilýändigi uly buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Keremli türkmen topragynyň gadymyýetiň ýaňy bolan taryhy ýadygärliklere baýdygy üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ösen merkezi bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Muny Türkmenistanyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň iki müňe golaýynyň ýerleşýändigi hem subut edýär.

Şygryýet bossany

Bitarap Türkmenistan Bitaraplygyň şuglasy her ýürege nury-enwer,Watanyň Tugy, tugrasy doganlyga belent münber,Türkmeniň gadym kyblasy her ykbala ruhy serwer,Bu Watan — bagtyň çüwmesi, köşgi-eýwan, altyn gümmez,Täze eýýam. Bitarap ýurt, dünýä ýalkym, Türkmenistan!

Şygryýet bossany

Ýagşy Bahar gelip ak ýagyşlar,Şaglap-şaglap ýagsa ýagşy.Ak çägä salnan nagyşlar,Gözleriňe saçsa ýagşy.

Şygryýet bossany

Watan hakynda aýdym Watan — ykbalyň ykrary,Mesgenleri eždatlaryň.Watan — milletiň mähraby,Dowamaty zürýatlaryň.

Şygryýet bossany

Ýürek owazy Ýüregimde urup duran,Hoş sözlere uýup duran,Şygyrdan köşk gurup duran,Watanymyň keşbi bolsun!

Şygryýet bossany

Ýürek owazy Ýüregimde urup duran,Hoş sözlere uýup duran,Şygyrdan köşk gurup duran,Watanymyň keşbi bolsun!

Şygryýet bossany

Ýagşy Bir ojaga myhman bolsaň,Wagtyndajyk gaýdan ýagşy.Hiç kime zyýan bermese,Dogry sözi aýdan ýagşy.

Şygryýet bossany

Watana buýsanç Gözüme deňänim,Kalbym diýenim,Howaňda ýaşaýşyň özi bar, özi. Takatym, nesibäm, sabrym diýenim,Demiňde rahatlyk sazy bar, sazy.

Şygryýet bossany

Sowalym bar, şahyrym (Magtymgyly Pyragynyň Durdy şahyr bilen aýdyşygyna nezire)