"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

«Çaýyň soňy dostuňky»

Garagumuň ak ýaýlalarynda, seleň sähralarynda ömür külterlän eždatlarymyzyň, ata-babalarymyzyň geçen ýoluny yzarlamak, olardan miras galan däp-dessurlar, edim-gylymlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz mynasyp ornuny tapyp, giň gerime eýe boldy. Žurnalymyzyň şu sanynda gadymy döwürden biziň günlerimize gelip ýeten çaý içmek däbi, onuň taýýarlanyşy barada söhbet etmegi makul bildik.  Biziň ýurdumyz Günüň nurunyň iň bol düşýän ýerinde ýerleşýär. Şonuň üçin bolsa gerek, ýurdumyzda gök çaý içmek örän ýörgünli. Gök çaý adatça, gyşyna köp içiläýjek ýaly, emma başga döwletlerden tapawutlylykda, bizde we goňşy halklarda tomsuň jöwzaly yssysynda-da gök çaý köp içilýär.

Döwlet getiren sungat

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz ýurdumyzda dünýä ösüşine sazlaşykly goşulýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de aýdym-sazymyzyň orny barha artýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dikeldilen milli medeniýetimiz, aýdym-sazymyz, bagşyçylyk sungatymyz özüniň ösüş ýoluny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem giň gerimde dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Halk bagşylarymyzyň dessanlary başdan-aýak şowhun bilen saza goşup aýtmak däbi asyrlaryň dowamynda kämilleşipdir» diýip belleýän dürdäne setirleri muny dolulygyna subut edýär. Biz hem şeýle at alan bagşylarymyzdan, medeni mirasymyz bolan «Garajaoglan» dessanyny radioýun görnüşine taýýarlap geçiren «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Döwletgeldi aga, ilki bilen-ä söhbetdeş bolmaga sarp eden wagtyňyz üçin hoşallygymyzy bildirýäris! Siziň ýerine ýetirýän her bir aýdymyňyz, ýasaýan her bir dutaryňyz derrew, halk arasynda uly meşhurlyk gazanýar diýsek ýalňyşmarys. Bu üstünligiňiz bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýarys!

Psihologyň ýazgylaryndan

1. Tutuş barlygyň, jemgyýetiň, halkyň öz ýaşaýyş-durmuşynyň ähmiýet-gymmatyny iki röwüşde — oňaýlylygy bilen bir hatarda, oňa utgaşaýjak kynçylyklary hem göz öňüne getirip kabul etmek, bir tarapdan, badyhowalykdan gorasa, ikinji tarapdan, bolup biläýjek lapykeçligiň öňüni alýar. 2. Adatça danalaryň çalt unudylmaly zatlaryň biri hökmünde görkezýän göwnüňe degen adamyň etmişini ýatdan çykarmagyň kynlygy oňa basgançaklaýyn çemeleşmäge derek, onuň oňyn däl duýgy syzylmasyny birdenkä garşy tarapa öwürmäge synanyşyk edilýänligi bilen baglydyr. Bu ýerde ädilmeli ilkinji ädim öňki oňyn däl duýga bitarap çemeleşmekdir. Bu usul psihologiýada we pedagogikada ýörgünli kem-kemleýin ýörelgesiniň çägindedir.

Berkararlygyň belent binasy

Gündogaryň göwher gaşyna deňelýän mermer paýtagtymyz Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäherini has-da özgerdýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan «Arkadag» myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.

Döw­let­li-döw­ran­ly jan Watanymyz Türk­me­nis­tan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürmek bilen, biz ýurdumyzy ösdürmek we özgertmek boýunça alyp barýan işlerimizi häzirki we geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipeleri amala aşyrmaga, ýurdumyzyň her bir raýatynyň we her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirdik. Rysgyňy ýazuw-pozuwdan gözläp, galam ujundan çörek iýýän bolsaň, ýakymly pursatlara şaýat bolanyňa mähetdel buýsanç duýgularyňy ak kagyza geçirip, hemmeler bilen paýlaşasyň gelýär. Arada ekiz gyzjagazy dünýä inen aşnamyzyň toý sadakasynda otyrkak, özara gümür-ýamyr edip duran, megerem, ýüzüň onlugyndan giren iki ýaşulynyň buýsançly söhbeti köňül köşgüme şugla saçyp, kalbymy tereň derýanyň joşgunyna besledi. Şonda jowur ak sakgally nurana ýaşuly:

Öňde belent maksatlar

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanyldy. Şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hem ýetilýän belent sepgitler has-da guwandyryjydyr. Bu pudakda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklaryň, energiýa serişdeleriniň mekany bolmak bilen, şol baýlyklar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, bu ugurda durmuşa geçirilýän uly işlerdir. Dünýäde uly gyzyklanma döredýän bu gaz geçirijisiniň uzynlygy 1840 kilometre barabar bolup, ol türkmen tebigy gazynyň 33 milliard kub metrini eksport etmäge mümkinçilik döreder. Bu bolsa Türkmenistanyň energiýa häsiýetliligini has-da artdyrar.

Adam hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň maksady her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuşy hem-de beýleki raýatlyk hukuklaryny, azatlyklaryny durmuşa geçirmekden, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini, şeýle hem hukuk esaslaryny berkitmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýar, kepillendirýär. Bu konstitusion kadalar umumy ykrar edilen adam hukuklary baradaky halkara hukuklarynyň ähli görnüşlerini, ýagny raýat, syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň durmuşdaky mynasyp ornuny kesgitleýär. Arkadag Prezidentimiz ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň hukuk binýadyny berkitmek arkaly kanunçylygy düýpli kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak üçin derwaýys wezipeleri öňde goýýar. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, raýatlaryň erkana durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge, medeniýetli dynç almaga bolan hukuklarynyň goraglylygynyň kepillendirilmegi halkymyzyň ykdysady, durmuş we medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň ynsanperwerlik hukugynyň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy

Häzirki wagtda döwletleriň dünýä ýüzündäki orny we ähmiýeti belli bir derejede onuň köptaraply we sebitleýin halkara guramalaryna agzalygy bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işlenilip düzülen döwletimiziň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary hil taýdan täze konstruktiw derejä çykardy. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty global parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG-niň ileri tutulýan maksatlary hem-de meseleleri bilen baglydyr. Milli Liderimiz:«Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn, köpmeýilnamalaýyn hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň, gürrüňsiz, ähmiýeti we strategiýa wektory bolup durýar» diýip nygtamak bilen, BMG-niň global özara gatnaşygynyň ähli häzirki zaman ulgamynyň esasy guraly, dünýä giňişliginde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny, global howpsuzlygyň bar bolan ulgamynyň durnuklylygyny goramagyň hem-de saklamagyň kepili hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri we halkara gurluşlary bilen netijeli hyzmat

Öz­ger­ýän ul­ga­myň kä­mil­leş­me­gi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýokary netijeli ykdysady syýasat Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň arasynda abraýynyň has hem ýokarlanmagyna, dünýä döwletleri bilen amatly gatnaşyklary ýola goýmaga, ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Milli ykdysadyýeti dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna netijeli girizmeklik ýurdumyzdaky önümçiligiň geljegine diňe bir eksport mümkinçilikleriniň we importa bolan mätäçlikleriň nukdaýnazaryndan däl-de, ylmy-tehniki we innowasion ösüşiň dünýädäki tendensiýalary hakyndaky esaslandyrylan düşünjeleriň bolmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň bazarlarynyň dinamikasy, maýa goýum serişdeleri, işçi güýji we şuňa meňzeşler bilen bagly nukdaýnazardan hem baha bermegi talap edýär» diýip bellemegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu ulgamy we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlany

Bi­lim – ber­ka­rar­lyk bin­ýa­dy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzda giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleriň ösmegi we döwrebap bilimdir terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda ähli ugurlardaky ägirt uly özgertmeler, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar, giň gerimli işler milli Liderimiziň türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan taýsyz tagallalarynyň hem-de amala aşyrýan tutumly işleriniň datly miwesidir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyklykda ylym we bilim bermek mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar we okatmagyň täze usullary ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Aza­dynyň şahsyýet baradaky garaýyşlary

Döwletmämmet Azady diňe bir ussat şahyr däl, eýsem, ähli babatda halypa, mugallym mertebesine galan beýik şahsyýetdir. Onuň köptaraply görüm-göreldesi baha bererden has ýokarda durýar. Kämil şahsyýeti terbiýelemegiň milli usul-tärleri Döwletmämmet Azadynyň eserlerinde mynasyp beýan edilipdir. Azadynyň filosofiýasy pragmatik nukdaýnazardan seredeniňde, has döwrebap filosofiýadyr. Dünýä, taryh, millet, din, döwlet, medeniýet, adamzat, adam ýaly düýpli meselelerde onuň filosofik pikirleri türkmen ruhyýetinden gelip çykýan garaýyşlary özünde jemleýär. Alymyň «Wagzy-Azat» eserinde gözellik hakynda adamzada mahsus bolan etiki-ahlak ölçegleriniň derejesinde pikir ýöredilipdir. Onuň döredijiligi we ylmy garaýyşlary öz döwrüne çenli ylmyň ýeten belentliklerinden habarly bolandygyna kepil geçýär.

Magtymguly Pyragy

Hakdan dana sözler gelen hoşuna,Taraşlap şagladan şahyr Pyragy.Her bir bendi many-mazmun durşuna,Haýran eden ýakynyny-yragy,Söz ussady Magtymguly Pyragy. Pederi Azady alym merdana,«Wagzy-Azat» miras goýdy ol dana.Isläpdirler berkararlyk zamana,Diýdi halky: «Il-günümiň çyragy Azady hem Magtymguly Pyragy».

Garaşsyz

Halkymyzyň ýüreginde besläni,Pyragynyň arzuw edip isläni,Şygyr çemeninden düzdüm dessany,Ata Watan — Türkmenistan Garaşsyz. Özgerendir Bahry-Hazar arasy,«Altyn asyr» Türkmen kölli obasy,Iner, ak maýaly sähra-ýaýlasy,Eziz Diýar — Türkmenistan Garaşsyz.

Kä­mil şah­sy­ýeti kemala getirmek

Adamyň jemgyýete, jemgyýetiň bolsa döwlete mätäç bolşy ýaly, döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli amala aşyrylmagy kämil şahsyýetlere, hünärine ökde, giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenlere baglydyr. Ýurdumyzda adam mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmeginde jemgyýetçilik durmuş we ahlak kadalarynyň, milli däp-dessurlarymyzyň ýaşlaryň gündelik durmuşynda amal edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Adamyň ahlak we hukuk ýörelgeleri boýunça ýaşamagy, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, ulyny sylamak, hem-de kiçä hormat goýmak, jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşýan hem-de ösüşe oňyn täsir edýän adamkärçilikli, hoşniýetli hereketleri we häsiýetleri halkymyzda gadym döwürlerden bäri hormatlanyp, häzirki günlere ýetirilen gymmatlyklardyr.

Sun­gat oja­gy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda halkymyzyň kalby hasaplanylýan medeniýetimize we sungatymyza aýratyn sarpa goýulýar. Toý-baýrama beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň kalbynda belent ruhuň, döredijiligiň täze galkynmasy döreýär. Döwlet Baştutanymyz sungat ulgamyny ösdürmäge, zehinleriň täze neslini sungatyň dürli ugurlary boýunça terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Sungat diýlende, ilki bilen, surat çekmek ýa owadan şaý-sepler göz öňüňe gelýär diýsek ýalňyşmarys. Bu gözelligi döretmekde ilkinji basgançaklary goýýan okuw ojagy bolsa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet çeperçilik mekdebidir.

Bi­li­miň go­ru­ny özüň­de jem­le­mek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlara döwrebap bilim bermek barada edýän talaplaryndan ugur alnyp, harby ýokary okuw mekdeplerinde hem bilimi ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bilimi özbaşdak öwrenmäge, durmuşda zerur bolan döwrebap bilimlere eýe bolmaga gönükdirilen usula geçmek döwrüň talabyna öwrüldi. Okatmagyň adaty usulynda mugallymlaryň okuw-usuly işleriniň, ýagny ilki umumy sapaklary, soňra bolsa amaly sapaklary geçirmeginiň zerurlygy ýüze çykýar. Her bir bilim talyplar tarapyndan özbaşdak akyl ýetirilip özleşdirilmelidir, eýe bolmak isleýän maglumatlaryny ösdürmelidir. Bu okatmagyň özbaşdak görnüşine geçilmegini aňladýar. Okatmagyň adaty görnüşinden tapawutlylykda, özbaşdak görnüşi harby talyplara eýe bolmak isleýän bilimlerini almak üçin maglumatlary mümkin bolan derejede gözläp tapmaga, olary ulgamlaşdyrmaga, öňünden çaklamaga, netije çykarmaga, gabat geljek meseleleri aýdyňlaşdyrmaga we olary çözmegiň usullaryny kesgitlemäge ýardam berýär. Okatmagyň şeýle görnüşi diňe bir mugallymyň işleýşini täze ugra gönükdirmän, eýsem, harby talyplaryň özbaşdak iş alyp barmak ukybyny hem artdyrýar. Harby talyplaryň özbaşdak işlemek endigine eýe bolmagy, olaryň geljekki gullugynyň tutuş dowamynda özbaşdak bilimler

Wa­tan­per­wer­li­giň nus­ga­sy

ýa-da hal­ky­my­zyň be­ýik og­ly Nej­med­din Kub­ra ha­kyn­da ke­lam Türkmen taryhda özüni dörediji hökmünde ykrar etdirip bilen gadymy halkdyr. Tebigy şahandazlygy bilen dünýä belli dessanlary, şadessanlary döreden halkymyz mertligiň, medeniýetliligiň, gahrymançylygyň mekdebi bolan beýik şahsyýetleri hem kemala getiripdir. Eziz Diýarymyzda doglup, önüp-ösüp, gaýratlydygy, dogumlydygy akyl-paýhasy, geçmişde bitiren ägirt uly hyzmatlary bilen adamzadyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň mertebesi bolsa hemişe belentde saklanýar. Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz galdyran şeýle şahsyýetleriň biri Nejmeddin Kubra hakyndaky buýsançly taryhy hakykaty okyjylara ýetirmegiň özem sogaply işdir.

Çu­wal bag­şynyň öýün­de

Durmuşda bolup geçen käbir wakalar hemişelik ýadyňda galýar. Ol, esasan-da, döredijilik adamlary, sungat ussatlary bilen bagly bolsa, has-da şeýle bolýan borly. Ýazyjy Ahmet Halmyrat hem-de mirasgär Atda Gurbangeldi bilen Kaka topragyna baryp, Onbegi obasynda Çuwal bagşynyň öýüne myhman bolanymyz bäri, esli ýyl geçipdir. Ýöne ol göwnüme şu gün bolup geçen ýaly bolup dur. Çuwal bagşynyň gadamy düşen, ruhy siňen sadaja öýde onuň ogly Annaguly aga ýaşaýan eken. Annaguly gyjakçy şol wagt segseniň onuny tegelän-de bolsa, huşy metda diýilýänlerden eken. Onuň Çuwal bagşy hakynda berýän gürrüňleri täsirlidi. Bu okyjylar üçinem täsirli bolar diýip pikir edýärin. — Biziň atamyza Garly aga, enemize Ogulnur — Ogul eje diýer ekenler. Atamyz kümüşçi ussa bolan. Onuň Mämmetguly, Magtymguly, Hudaýguly, Gülbar, Oguldöndi, Annagözel diýen çagalary bolupdyr.

Garaşsyzlyk

Röwşen-ýagty awzuwlaň garaşygy — Garaşsyzlyk, Ýer ýüzüniň göreldesi, ýaraşygy — Garaşsyzlyk,Indi jümle-jahanyň sazlaşygy — Garaşsyzlyk, Baky Bitaraplygyň baglanşygy — Garaşsyzlyk. Arkadagly Watanymyň zynaty — Garaşsyzlyk. Uçsam diýýän ak göwünleň ganaty — Garaşsyzlyk. Türkmenleriň ganat baglan ak aty — Garaşsyzlyk. Parlap dogýan täze Günüň a:daty — Garaşsyzlyk.

Türk­men sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň tä­ze sep­git­le­ri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, eýelenýän belent sepgitler bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanylýan ösüşler hem dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýurdumyza gönükdirýär. Her bir ýurt üçin syýahatçylyk pudagy möhüm ulgamlaryň biri bolup durýar. Çünki haýsy ýurtda syýahatçylyk ösen bolsa, şol ýurduň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň, ählumumy ösüşleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, döwletiň abraý-mertebesiniň Ýer ýüzünde has-da belende galmagynda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtda bolsa bu pudagyň ösüşleri, elbetde, ýurduň ykdysady taýdan hem berkemeginde wajyp orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagyny hem ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler bolsa özüniň giň gerimliligi bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň