"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ak şäherim Aşgabat

Buýsanç bilen aýdýarys: Aziýanyň merjeni,Goýnuň bagy-bossanly, tokaýlary arçaly,Gün mährine eýlenen, Aý nurundan syrçaly,Türkmeniň göz guwanjy, ak şäherim Aşgabat!Arkadagyň yhlasy, ak şäherim Aşgabat! Gözel Aşgabat adyň guwandyrýar her kesi,Parahatçylyk hem-de ynanyşmak merkezi,Saňa umyt baglaýar, zeminiň kän ülkesi,Türkmeniň göz guwanjy, ak şäherim Aşgabat!Arkadagyň yhlasy, ak şäherim Aşgabat!

Ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň göz­ba­şy

Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde kitaba aýratyn sarpa, hormat we söýgi bilen garapdyr. Bilimler çeşmesi bolan kitaba halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, ony ebedileşdirýän esasy serişde hökmünde baha beripdir. Hormatly Prezidentimiz kitabyň jemgyýeti özgerdiji güýjüne örän ýokary baha berip: «Kitap — tüm garaňky öýe şem getiren ýalydyr. Taryhy kitaplar geçmişiň tümlügini ýagtylandyrýar. Ynsanyň nuranalyga, aýdyňlyga, hakykata göz ýetirmäge ymtylyşyny, höwesini kanagatlandyrýar. Şoňa görä-de, ynsan nesilleri çuňňur mazmunly kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýär. Kitap ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem. Ylym güllese, taryhymyz güllär, tutuş adamzadyň ykballary, şu günümiz, geljegimiz gülzarlyga öwrüler» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar. Sanly bilim ulgamyna geçmegiň, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri elektron kitaphanalary döretmek, şeýle hem olaryň peýdalanylyşyny giňeltmekdir. Ähli ugurlarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy döwrüň esasy wezipesi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda kitaphana işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürmekde iňňän möhüm işler

Bilim — durnukly ösüşiň binýady

Milli Liderimiz: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi ösüşiň täze belentliklerini nazarlap ynamly öňe barýan Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ak şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, intera

Döwrüň möhüm hünäri

Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda, öndüriji güýçleriň ösmeginde, önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmeginde, maliýe serişdelerine bolan gymmaty artdyrmakda beýleki ykdysady gurallar bilen bir hatarda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlygyna hem uly orun berilýär. Aýratyn-da, buhgalter hünärine bolan isleg has-da artýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda buhgalter hünärine esasy iş orunlary degişlidir. Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we hojalyk gurluşynyň üýtgemegi bilen, buhgalterleriň hünär abraýy hem artýar.

«Aýdym bilen indim ýagty jahana»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlary nazarlap, bedew batly gadamlar bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda müňýyllyklara ýaň salýan tutumly işler amala aşyrylýar. Toý-baýrama, aýdym-saza, şahyrlarymyzyň ýürek owazyna beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň kalbynda belent ruhuň, döredijiligiň döreýän täze galkynmasy sungat işgärleriniň ajap aýdymlarynda öz beýanyny tapýar. Saz sungatynyň muşdaklaryny haýrana galdyrmagy başarýan aýdymçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda toý-baýramlar has-da şüweleňli geçýär. Bizem Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Ilşat, ilki bilen, sizi estrada sungatynda ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň şowly çykýanlygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Milli liderimiziň ekologiýa syýasaty ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän il-ýurt bähbitli ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we rejeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça iri halkara we sebitara guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýdy. Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky örän möhüm konwensiýalaryny, maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Bu gaznanyň esasy wezipeleri Aral meselesini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, suwdan tygşytly peýdalanmaga we bilelikde ulanmaga, ony hapalamakdan goramaga gönükdirilendir.

Parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany

Bu ýyl biziň ýurdumyz üçin aýratyn ýyl. Şu ýyl biz hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny uly dabara bilen belläris. Bu sene tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy ähmiýete eýedir, sebäbi halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Bitaraplygy barada BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda karar kabul edildi, ol 185 ýurduň wekilleri tarapyndan tassyklandy. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, döwletleriň arasynda özara peýdaly we dostlukly gatnaşyklara goşant goşup, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine berk eýerýär. BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň goldawy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň işjeň parahatçylygy goraýyş we konstruktiw missiýasyny ykrar edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň statusyny tassyklaýan Karary ikinji gezek kabul etdi. Şeýlelik bilen, halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan deň döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde kabul edilýär.

Berkararlygyň aýdyň ýoly bilen

Garaşsyzlyk Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlyk türkmen döwletini dünýä ýüzüne äşgär etdi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny Ýer togalagyndaky döwletler ykrar etdiler. Şunlukda, halkara gatnaşyklarynda täze eýýam başlandy. Garaşsyzlyk dünýäniň kartasynda özbaşdak Türkmenistan döwletiniň bardygyny äleme jar etdi. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly özgerişler başlandy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň taryhy geçmişini öwrenmäge, şu günki günde asylly zähmet çekmäge, ertirine ynam bilen nazar salmaga ýardam berýär.

Bahar buşlukçysy

Al-ýaşyl lybasa beslenip, sülmüräp, mylaýym şemala ýüzüňi sypap, näzli bakyp, seýkin basyp gelýän pasyllaryň soltany baharyň buşlukçysy garlawaç hoş habaryň, bagtyýarlygyň, umyt-arzuwyň, nesil dowamatynyň nyşany hasaplanylýar. Bu naşyja guşjagaz öý-ojagyň, rysgal-berekediň goragçysy saýylýar. Garlawaç, gumry we kepderi Ýaradanyň iň eý görýän guşy hasaplanylýar. Ata-babalarymyz bu guşlaryň höwürtgesini bozmazlygy ýaşkiçilere çagalygyndan berk sargyt edip gelýär. Edil gumrudyr kepderi ýaly garlawaçlaram ynsan balasyna diýseň ýakyn. Gözel Diýarymyzda keramatly guş saýylýan garlawaçlar öz höwürtgesini kenarlarda, gaýalarda, agaçlaryň köweklerinde, şeýle-de, ýaşaýyş jaýlaryň üçeginde palçykdan gurýarlar. Ene topraga jan girip, tebigat ýaňy oýanyp başladygy bosagaňda jürküldeşip, kalbyňy heýjana salýan petekesi akja, kiçijik garaja guşlaryň höwürtge ýasamagyň aladasynda iki ýana uçuşyny görüp, göwnüň galkynýar. Adama azarsyz bu guşjagazlaryň seniň bilen goňşy bolup ýaşamagy bolsa her bir maşgala agzasyny begendirýär.

Yhlasy bilen tanalýar

Häzirki wagtda telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegine öwrüldi we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda türkmen telekeçilerine uly ynam bildirilýär. Iri, orta we kiçi kärhanalar uly depginde telekeçilik işlerini alyp barýarlar.  Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilýän ýylynda ähli pudaklar bilen bir hatarda telekeçilikde hem belent sepgitlere ýetilýär.  Biz telekeçilik işine ömrüni bagyş eden tanymal telekeçi Kakamyrat Baýjanow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Kakamyrat aga, telekeçilik işine haçan girişdiňiz?

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň innowasiýalara esaslanyp ösüşi

Dünýä ykdysadyýetiniň innowasiýalara esaslanyp ösýän häzirki zaman şertlerinde her bir döwletiň kämil ösüşli ykdysadyýetinde syýahatçylyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Hususan-da, ýurduň ykdysady ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirmek bilen, ol durmuş-ykdysady ösüşiniň özboluşly hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, erkin ykdysady zolak bolan Awazada, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ajaýyp myhmanhanalar toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan dynç alyş, sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär» diýip belleýär.

Arzuwlar şäheri

— Okuwsyzam obaň öňünde öz perzentlik borjuňy ödäp bilersiň. Sebäbi sen daýhan gyzy. Topragy gürledip, onuň bereket gaznasyny açmagy sen başarmasaň, kim başarsyn?! — Hmm! Daýhan gyzymyşym. Bereket gaznasyny açmak üçin diňe daýhançylyk ýeterlikmi näme?! Myrat, meniň gep çagaladyp durasym gelenok. Meniňem öz arzuwlarym bar-a. Nesibämde bolsa-ha, ýokary okuw mekdebini tamamlap, belli bir kesbiň-käriň eýesi bolmakçy. Belli bir işiň başyny tutmazdan owal ony ýagşy öwrenmeli.

Täze ýeňişlere badalga

Golf ezberligi we erkliligi talap edýär

Diýarymyzda bilime, sporta ýurduň ösüşiniň röwşen geljeginiň, jemgyýetiň ykdysady, medeni hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy ugurlaryny kesgitleýän ulgamlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly baştutanlygynda bilim hem-de sport ulgamlarynyň dünýä derejesi bilen sazlaşýan we ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanýan aýdyň ýörelgesi kemala geldi. Ata-babalarymyz şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen çagalar üçin köp sanly oýunlary oýlap tapypdyrlar. Dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, oýunlar çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, erk-islegi, maksada ýetmekde tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge, toparyň düzüminde umumy dil tapmak hem-de sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Halk oýunlary milletimiziň döreýşiniň şaýady bolup, onuň taryhy bäş müň ýyla barabar döwri öz içine alýar. Milli oýunlarymyzyň köpüsiniň sportuň häzirki görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, «çilik-hekgal» oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny, «çilik» — otuň üstündäki hokkeýi we beýleki oý

Döwrebap ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň uly üstünliklere we taryhy wakalara beslenmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. 25-nji martda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy şol möhüm taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi. Şeýle hem sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr. Ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenen bu ýyladyşhanalar häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar bilen enjamlaşdyryldy. Olaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş ornunyň döredilendigini nygtamak guwandyryjydyr. Ähli ýyladyşhanalaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzdan täze oba hojalyk tehnikalaryny — dünýä meşhur «John Deere» traktorlaryny sowgat alandygyny hem bellemek gerek. Milli Liderimiz täze ýyladyşhana toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga

Bi­ta­rap­ly­gyň sü­tün­le­ri

Adamlaryň köpçüligini dürli-dürli atlandyrýarlar. Märeke, üýşmeleň, topar, mähelle, taýpa, millet, halk... Şular ýaly adalgalar sosiologiýada, psihologiýada we taryh ylmynda ýygy-ýygydan duşýar. Adamlaryň köpçüligi jemgyýetiň düzümini düzýär. Şol düzümiň sanyna, maksadyna, medeniýetine seredip, olary dürli toparlara bölmek mümkin. Adamlar köpçüliginiň içinde taýpa, halk, millet bölünişigi özüniň gelip çykyşy boýunça döwlet, jemgyýet bolmakdaky wajyp orny bilen tapawutlanýar. «Adamlaryň umumylygynyň taryhy kökleri» atly kitapda taýpanyň halka, halkyň millete öwrülmek hadysasy hakynda gürrüň berilýär. Bularyň bir-birine öwrülmek hadysasynyň umumy dil arkaly amala aşýandygy nygtalýar. Diýmek, adamlar köpçüliginiň soňky ösüş «millet» hökmünde kesgitlenmek bilen, ol dört alamat babatda: ykdysady durmuşynyň umumylygy taýdan;

Se­na­gat pu­da­gy­nyň bat­ly ga­dam­la­ry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary, şol sanda senagat pudagy diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilýär. Ýurtda senagat önümçiligini kämilleşdirmek, azyk bolçulygyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, hususy telekeçilere amatly mümkinçilikleri döretmek babatda möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Kärhanalaryň maýa goýum işini goldamaga niýetlenen kanunçylygy kämilleşdirmek, hususy telekeçiligi ösdürmegiň pudaklaýyn ugurlarynyň gerimini giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň senagat pudagyna has köp möçberde maýa goýumlaryny çekmäge we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen işlenilip taýýarlanan we üstünlikli amala aşyrylýan Maksatnamalarymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, ilkinji nobatda-da, senagat taýdan düýpli özgerişliklere badalga berdi. Senagatlaşma syýasatynyň baş maksady ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybaratdyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde himiýa, nebithimiýa, elektrik energetika we gurluşyk materiallary senagatynyň

Bagt şäherim Aş­ga­bat!

Arkadagyň ajap eýýamynda gözelligiň hem söýginiň merjen şäherine öwrüldi. Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat häzirki döwürde Ýer ýüzünde iň gözel şäherleriň biri hökmünde tanalýar. Elbetde, bu aýdyň hakykaty beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen ak şäherimiziň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda nygtamagyň çuňňur manysy bar.

Aşgabat şäheri bilen ýaşytdaş fotosuratlar

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň syýahatçylarynyň, inženerleriniň üns merkezinde durýar. Şäherimiz düýbi tutulan ilkinji ýyllaryndan başlap daşary ýurt wekillerinde uly gyzyklanma döredipdir. Dünýäniň çar künjünden ýurdumyza gelen syýahatçylar, meşhur alymlar şäherimiz barada gyzykly maglumatlary toplapdyrlar. Asly Beýik Britaniýaly tanymal syýahatçy Jon Guthrie Watson şäherimiziň düýbi tutulan ilkinji ýyllarynda Aşgabada gelip, bu ýeriň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp görýär. Iňlis syýahatçysy şol döwrüň belli galalaryny, kerwensaraýlaryny, bazarlaryny we täsin binalaryny surata düşürýär.

Ýur­duň al­tyn gaz­na­sy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurduň altyn gaznasy bolan telekeçiler üçin döredilýän giň mümkinçilikler milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar. Berkarar döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda guralan sergi ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň öz datly miwelerini eçilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris» diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň sergä we birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar.