"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Garaşsyzlyk

Arkadagym adyn äleme ýaýýan,Mizemez Binamyz Garaşsyzlykdyr!Toýlara beslenýär gün, hepde, aýam,Ajaýyp senämiz Garaşsyzlykdyr! Waspy sygmaz dessanlara, depdere, Ýetirsin diýip, dünýä içre halklara,Päk asmanda uçýan akja kepderä,Ýollaýan salammyz Garaşsyzlykdyr!

Heňňam ýazgylary

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny çykyşlarynda öwran-öwran nygtaýar.Türkmen halkynyň baý medeni mirasy bar. Ata-babalarymyz tarapyndan bize galdyrylan medeni mirasyň biri hem ýazuwdyr. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adamlaryň arasyndaky aragatnaşygy dilsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Hat-ýazuwyň emele gelmegi bilen, özara gatnaşyklar kämilleşipdir, özgeripdir. Aragatnaşyk saklamagyň ýene bir görnüşi hem ýazuwdyr. Maglumatlar tekst ýazmagyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Tekst sözlemlerden, sözlemler sözlerden, sözler bogunlardan, bogunlar harplardan durýar. Ses belgisi harp bilen belgilenýär. Gepleşikde säginme äheňi bar bolsa, ýazuwda gepleşigiň aýdylyş äheňi dürli dyngy belgiler bilen aňladylýar. Ýazuw bilen gepleşik diliniň ýerine ýetirilişiniň dürli-dürli bolmagyna garamazdan, olaryň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bardyr. Ýazuw — gepleşigiň kagyz ýüzüne geçirilen görnüşi. Ýazuwyň özboluşly taryhy bar. Adam eşiden habaryny, maglumatyny ýadynda saklap, hat üsti bilen bellige alyp, ony uzaklara ýetirip bilýär. ХХI asyrda ýazuw üsti bilen habar ýetirmegiň kämil görnüşi ýüze çykyp, ol giň mümkinçiliklere eýedir. Häzirki zamanda t

Syrly äleme bagyşlanan ömür

Alym astronom, syrly älemiň aşygy Hojamuhammet Meläýew türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň keremli daglarynyň gujagynda, datly suwly Sumbar derýasynyň gözbaşyndaky Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda 1946-njy ýylyň 4-nji maýynda dünýä inýär. Ol talyplyk döwrüniň 1-nji ýylyndan başlap ömrüniň ahyryna çenli astronomiýa ylmy bilen gyzyklanyp, gündizlerine şol ugra degişli çap edilen materiallar bilen tanyşdy. Gijelerine merjen däneleri dek lowurdap duran ýyldyzlar, aýry-aýry ýyldyz toparlary hem-de olar baradaky ajaýyp rowaýatlar, şol lowurdaýan ýyldyzlara meňzäp duran we olara görä hereket edýän ýeriň emeli hemralary, Günüň, Aýyň tutulmalary, Aýyň dürli çärýeklerde görünmegi, gije-gündiziň hem-de pasyllaryň çalyşmagy, ýyldyz asmanynyň wagta görä üýtgemegi we başga-da şunuň ýaly asman gümmezi bilen bagly bolan hadysalar ünsüni ýüpsüz baglapdy. Teleskopda asmanyň syrly älemine seretmek Hojamuhammediň söýgüli pişesidi. Ol ýerde däl-de, asman äleminde gezip, şol älemdäki syrlar bilen dostlaşan ýalydy. Alymyň çagalyk ýyllaryna ser salsaň, onuň bu pişe üçin dünýä gelendigine ynanýarsyň. Onuň babasy Myratberdi ahun türkmende ady belli Goçmyrat ahun bilen bir döwürde Buharada okap, ahunlyk derejesine ýeten, ýaşan döwründe il-ha

Ala­ba­ýym – ezel we­pam

Alabaý itleri — türkmeniň ruhy gymmatlygy, baýlygy. Ahalteke bedewi we alabaý iti bilen taryhda şöhratly yz goýan pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgeleri häzirki bagtyýar döwrümizde täzeçe röwşe eýe bolýar, netijede, alabaý itleriniň taryhy şöhraty dikeldilýär. Itşynaslar, it idedijiler, seýwanlar, kinologlar ýaly düşünjeleriň gymmaty häzirki döwürde biziň durmuşymyzda öz ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň şaýoluna düşen Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy juda belent. Ine, alabaý hem şeýle belent sarpa eýe bolan ruhy baýlygymyz. Biz golaýda alabaý itleriniň muşdagy, ýurdumyzda mebel öndürmekde meşhurlyk gazanan tejribeli telekeçi, «Aýbölek» mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy Meretmuhammet Täçmuhammedow bilen söhbetdeş bolup, onuň türkmen tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly alyp barýan asylly işleri bilen giňişleýin tanyşdyk. — Meretmuhammet, uly döwletli işi alyp barýan mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy bolmagyňam aladasy-hysyrdysy ýetik welin, siz bu işiňiziň daşyndan alabaý itlerini köpeltmäge-de höwesek ekeniňiz. Eýsem, bu işleri utgaşdyryp alyp gitmek size kyn düşmeýärmi?

Şygyr

Garagum sährasy Garagum, Zeminiň kuýaş-şuglasy,Sende bardyr zybalygy dünýäniň.Ylhamymyň heňi, kalbyň nagmasy,Misli tylla nury goja heňňamyň.

Edebi we ebedi baýlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzy, edebiýatymyzy çuňňur öwrenmäge uly üns berilýär. Asyrlar aşan medeni mirasymyzyň nusgalarynyň biri bolan «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsandyryjy wakadyr. Geçmişde Beýik Ýüpek ýoly bilen argyşa giden kerwenlere halk döredijiliginden baş çykarýan dilewarlar, edebiýat, taryh bilen gyzyklanan alymlar hem goşulypdyrlar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Uzak ýollary sökýän kerwene goşulyp, argyşa gitmek özboluşly terbiýeçilik we tejribe mekdebi bolupdyr. Munuň üçin kerwenbaşy argyşçylaryň toparyna dana kyssaçylaryň, alym-ulamalaryň, köpügören syýahatçylaryň, tejribeli argyşçylaryň goşulmagyny gazanypdyrlar. Olar goş ýazdyrylyp, dynç alynýan pursatlarynda ýaş söwdagärlere halal gazanç etmegiň, söwdaň şowlap, tüçjar baý bolanyňda hem adamkärçilik, ynsanperwerlik, mähribanlyk duýgularyňy barha çuňlaşdyrmagy gazanmagyň zerurdygyny öwredipdirler. Şol bir wagtda argyşçylar ylym dünýäsine aralaşyp, ruhy baýlygyny artdyrypdyrlar, düşünmeýän meseleleri boýunça alymlardan maslahat alypdyrlar, şeýdibem, köňüllerine ýagşy

Sungata öwrülen senet

Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany. Irki döwürlerden bäri halylaryň we haly önümleriniň ýerligi, gölleri, nagyşlary, esasan, gyzyl reňkde dokalyp gelinýär. Eger siz türkmen halylaryna üns berip seretseňiz, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzylaryny görersiňiz. Dünýäni göz öňünde janlandyrýan türkmen halysy iň meşhur geçginli haryt hasaplanylýar. Ol türkmen halky üçin diňe bir adaty senetçilik önümi däldir. Halyda özüniň döreýiş gözbaşyny gaty gadymlardan alyp gaýdýan türkmen milletiniň geçmiş taryhynyň syrly ýazgylary bar. Halynyň her göli, her çitimi, her şekili tutuşlygyna alanyňda, gyz-gelinlerimiziň elinden çykýan ajaýyp eserdir. Häzir dünýäniň iň gadymy hem naýbaşy muzeýlerinde türkmen halysynyň asyl nusgalarynyň saklanylmagy oňa Ýer ýüzündäki ykrarnamanyň hem-de egsilmeýän gadyr-gymmatyň alamatydyr. Ylaýta-da, Ýewropa ýurtlarynda öňden bolşy ýaly, häzir hem ajaýyp türkmen halylaryna isleg uly. Muny her ýylda geçirilýän Bütindünýä haly önümleriniň sergi-ýarmarkasy anyk tassyklaýar. Türkmen halysyna nazary düşen adam aňsat onuň ýanyndan aýrylyp bilmeýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňeşdiril

Türkmen bedewi

Bedew — rowaçlygyň nyşany.Bedew — çalasynlygyň nyşany.Bedew — batyrgaýlygyň nyşany. Şonuň üçin türkmenlerde «Bedew münen bagtly bolar» diýlen söz bar. Meger, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her gezek ata atlananda biziň köpümiz şu sözi ýatlaýandyrys.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň sag­dyn­lyk tag­ly­ma­ty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň sagdyn ösüşiniň, Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaş nesiliň sowatly, watansöýüji, kämil ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan tutumly işleri, oňyn özgertmeleri bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Ozaly bilen halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň saglygy hakyndaky aladalar biziň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Çünki milli Liderimiz: «Biziň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň iň uly baýlygy onuň merdana, parasatly we zähmetsöýer halkynyň saglygydyr» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar. Milli Liderimiziň hut özüniň başda durmagynda işlenilip düzülen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, esasan hem, ýurtda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Alym Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda gymmatly gollanmadyr. Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, köp sanly sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypah

Ga­dy­my ekin

Şalgam (brassica rapa) kelemler maşgalasyna degişli ikiýyllyk ösümlikdir. Onuň birýyllyk görnüşi hem bar. Şalgam tiz ýetişýän, azyklyk gymmaty ýokary ekin bolup, onuň düzüminde az mukdarda kleçatka, köp mukdarda gant we witamin С saklanýar. Ekilýän görnüşleriniň içinde iň köp ýaýrany sary we ak etli görnüşleridir. Adamyň şalgamy ekip, ösdürip ýetişdirip başlany bäri 4000 ýyl geçipdir. Geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri şalgam köpçülikleýin ekilmeýär diýsek hem bolýar. Ýerleriň hususyýetçilere berilmegi, öz topragymyzda bitýän önümleriň hiliniň ýokary derejededigi we sagdynlygy, häzirki günlerde diňe bir şalgamy däl, beýleki ekinleri, meselem, mäş, dary ýaly ösümlikleri hem ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilik döretdi.

Sagdyn ýaşaýşyň serişdesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 3-nji iýunynda Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.  Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýramdyr. Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa Komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşyklar, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakyndaky Kararnamasynyň netijesinde dünýä jemgyýetçiligi welosiped sportunyň ösdürilmegine, şeýlelikde, dünýäniň sport, jemgyýetçilik w

Arkadagyň ajap eýýamynyň rowaç menzilleri

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uludan toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni möhüm wakalara beslenýär. Ýurdumyzda toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar durmuşumyzy çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyran şol ajaýyp wakalaryň üstüni ýetirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijelerine we ösüşiň, döredijiligiň ýoly bilen ýurdumyzyň ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýän birnäçe döwrebap desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň hormatyna geçirildi.

Arkadagly dünýä belli Aşgabat!

Dillerde aýdym Aşgabat

Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle aýdymlaryň biri-de «Aşgabat» aýdymydyr. «Aşgabat» aýdymynyň täsin taryhy bar. Bu joşgunly aýdym mundan 60 ýyl ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir. Onuň goşgusyny şahyr Geldi Bäşiýew, sazyny ussat kompozitor Nury Halmämmedow döredipdir.

Ak ýollar uzaýar geljege bakan, Öňe, diňe öňe, jan türkmenistan!

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapyp, döwet galamynyň astyndan çykan hut şu çuň many-mazmunly dürdäne setirlerden hem görnüşi ýaly, ösüşlere beslenýän Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegi nazarlap, öňe, diňe öňe barýar. Şonuň üçin hem bagtyýarlyk zamanamyzda ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimizi müň mertebe alkyşlap, gülşen günleriň goýnunda asuda, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň göwni ganatly, ruhy berkararlyk buýsanjymyz ýaşyl Tugumyz deý belent. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenýän baýramçylyklar bolsa milli senenamamyza zamanabap täze röwüş çaýyp, Berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Toýlary toýa ulaşýan Arkadagly Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär. Milli we ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýan täsin binagärlik medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli paýtagtymyza seýle çykmagyň lezzeti söz bilen beýan edip bolmajak derejede üýtgeşikdir. Şonda Jeýhun deý joşgunly kalb

Şanly Garaşsyzlygymyzyň belent ruhy

Ýüz kyrk ýyllyk toýuna barýan mermer şäher Aşgabat!

Gözellik sen, näçe waspyň etsek, şonça az ýaly,Ýaňlanyp dur, ýüregmiziň sesem göýä saz ýaly,Gülläpsiň sen, Arkadagyň yhlasyndan ýaz ýaly,Ýüz kyrk ýyllyk toýuna barýan merjen şährim, Aşgabat!Seň şanyňa bolsun aýdymlarmyz, şygrym, Aşgabat! Ýüregimiz seniň bilen bile urýar, saz gerek!Taryp-waspyňy etmäge iň bir şirin söz gerek,Bu gün seniň kamatyňy görmäge-de, göz gerek,Ýüz kyrk ýyllyk toýuna barýan merjen şährim, Aşgabat!Seň şanyňa bolsun aýdymlarmyz, şygrym, Aşgabat!

Watandyr mukaddeslikler başy («Garaşsyzlygyň miweleri» atly makalalar toplumyndan)

Her halkyň öz milli aýratynlyklarynyň bolşy ýaly, türkmenleriň hem özboluşly milli gymmatlyklaryň ençemesi özüni görkezýär. Şolaryň başynda bolsa mukaddeslikleri sarpalamak, ezizlemek ýaly borç durandyr. Şol borç türkmen halkynyň ganynda nesilme-nesil ýaşamagyny dowam etdirýär. Ata-eneler nesillere mukaddesliklere sarpa goýmagy çaga gepe düşünip başlan döwründen öwretmäge girişýärler. Çünki biziň halkymyz «çagany başdan...» akyl-sowat «suwy» bilen besleýär. Bir danadan dünýä inen çaga haçan terbiýe berip başlamalydygy barada soralanda, dananyň: «Eýýäm gijä galypsyňyz. Çaga ene göwresindekä terbiýelenip başlanmaly» diýip, jogap berendigi hakyndaky rowaýaty döreden halk çaga terbiýesine gaty çynlakaý çemeleşýär. Şol çynlakaý çemeleşmäniň esasynda bolsa mukaddeslikleri sarpalamak ýatandyr. Biziň halkymyz Watany ähli mukaddeslikleriň serweri hasaplaýar. Çünki ähli mukaddeslikler öz gözbaşyny Watandan alyp gaýdýar. Şonuň üçin dilden-dile geçip, asyrlaryň dowamynda ýaşap gelýän halk döredijiliginiň ähli žanrlarynda Watanyň jandan ilerde durýan mukaddeslikdigi hem nygtalýar hem dürli durmuşy wakalar bilen düşündirilýär. Aýratynam, halk dilinde ýaşaýan juda jaýdar aýdylan aşakdaky sözlerde has aýdyň görünýär:

Türkmenistanda bosgunlaryň hukuk ýagdaýynyň konstitusion esaslary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutýan, bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän öňdengörüjilikli daşary syýasat ugry barha rowaçlanýar. Halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň gatnaşýan Türkmenistan döwletimiz abraýly halkara guramalary bilen bilelikde umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Bosgunlaryň Ýokary Komissarlygynyň müdirligi bilen bilelikde alyp barýan işleriniň netijesinde ýurdumyzda halkara derejesindäki maslahatlaryň, forumlaryň onlarçasy geçirilip, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülmegine iş ýüzünde ýardam eden onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz raýatlyk meseleleri boýunça halkara Konwensiýalaryna goşulyşyp, olardaky kadalar Türkmenistanyň milli kanunçylygyna giňden ornaşdyryldy. Şeýle-de döwletimiz bitaraplyk ýörelgeleri esasynda bosgunlaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri babatynda abraýly halkara guramalary bilen dünýä derejesinde ykrar edilen düzgünnamalar esasynda möhüm hem-de nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Her bir döwletiň ilatynyň hukuk ýagdaýy içe

Ak şaherim, Aşgabat, ýaşa!

Ak şäherim dosta gujagyn açýar, Kalby deý päkdir ol türkmen halkynyň. Şuglazar gijeler çar ýana saçýar, Älemgoşar öwüşginli ýalkymyn. Hemişelik Bitaraplyk paýtagty, Ertirlere dostluk ýodasyn salýar. Rowaç tapdy gadym milletiň bagty, Il-günüň eşretinden paýyny alýar. Mymyk bulutlaryň böwrüni gäde, Ak mermer binalar asmana galyp. Şöhratlandy ady bütin dünýäde, Ginnesiň kitabyndan orun alyp. Arkadag gurdurýar goýman kemini, Binalaň hiç birin salman gözünden. Agtarsam-da bu gojaman Zemini, Taýyny tapmaryn Ýeriň ýüzünden. Ýaşy ýüz kyrk, özi juwan paýtagtym — Aşyklaň kalby deý gözel, görkana. Şeksiz bildik nämedigini bagtyň, Ak mermer şäherde ýaşap erkana.