Şanly Garaşsyzlygymyzyň belent ruhy

26 Maý 2021
1293

Mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda berkarar Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uludan tutýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýetli bu dabaralara Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ajaýyp zähmet üstünliklerini, rowaçlyklaryny, ýeten belent sepgitlerini peşgeş edýär. Mukaddes Garaşsyzlyk türkmen döwletiniň gadymy şöhrat-şanyny gaýtaryp berdi. Kalbymyzdaky, hakydamyzdaky geçmişimize bolan beýik buýsanjy, merdana pederlerimiziň dünýä ýaň salan abraý-mertebesini galkyndyrdy, olaryň uzak asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň amala aşyrylmagyna giň ýol açdy.Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, bitirilýän beýik işleriň çuň many-mazmuny hem şol belent maksatlarda jemlenýär.

Geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrdy. Ýurdumyz ösüşiň, döredijiligiň, gurmagyň, kämilleşmegiň şaýolundan bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Berkarar Diýarymyzyň ykdysady ulgamynda giň möçberli netijeli özgertmeler geçirilip, sanlyja ýylyň içinde ýurt ähmiýetli birgiden tutumly işler üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Türkmenistan durnukly ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi.

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň doktory.