Döwlet getiren sungat

19 Noýabr 2021
1252

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz ýurdumyzda dünýä ösüşine sazlaşykly goşulýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de aýdym-sazymyzyň orny barha artýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dikeldilen milli medeniýetimiz, aýdym-sazymyz, bagşyçylyk sungatymyz özüniň ösüş ýoluny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem giň gerimde dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Halk bagşylarymyzyň dessanlary başdan-aýak şowhun bilen saza goşup aýtmak däbi asyrlaryň dowamynda kämilleşipdir» diýip belleýän dürdäne setirleri muny dolulygyna subut edýär.
Biz hem şeýle at alan bagşylarymyzdan, medeni mirasymyz bolan «Garajaoglan» dessanyny radioýun görnüşine taýýarlap geçiren «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Döwletgeldi aga, ilki bilen-ä söhbetdeş bolmaga sarp eden wagtyňyz üçin hoşallygymyzy bildirýäris! Siziň ýerine ýetirýän her bir aýdymyňyz, ýasaýan her bir dutaryňyz derrew, halk arasynda uly meşhurlyk gazanýar diýsek ýalňyşmarys. Bu üstünligiňiz bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýarys!

Leý­li AN­NA­GEL­DI gy­zy,
«Di­ýar».