Adamyň jemgyýete, jemgyýetiň bolsa döwlete mätäç bolşy ýaly, döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli amala aşyrylmagy kämil şahsyýetlere, hünärine ökde, giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenlere baglydyr.
Ýurdumyzda adam mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmeginde jemgyýetçilik durmuş we ahlak kadalarynyň, milli däp-dessurlarymyzyň ýaşlaryň gündelik durmuşynda amal edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Adamyň ahlak we hukuk ýörelgeleri boýunça ýaşamagy, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, ulyny sylamak, hem-de kiçä hormat goýmak, jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşýan hem-de ösüşe oňyn täsir edýän adamkärçilikli, hoşniýetli hereketleri we häsiýetleri halkymyzda gadym döwürlerden bäri hormatlanyp, häzirki günlere ýetirilen gymmatlyklardyr.