Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy elýeter bahalardan üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine käbir degişli sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek tabşyryldy. * * *

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahaty 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda sagat 9:00-da sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Deputatlary bellige almak 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda sagat 8:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 19-njy awgusty) Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň Karary

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek, demokratiýany we halk häkimiýetliligini has-da ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek arkaly halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan taryhy işleriň çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň (mundan beýläk — Konstitusion topar) alyp baran işleriniň hem-de ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny umumylykda makullamak we onuň kabul edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Konstitusion topar karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2021-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy. ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlary ynsanperwer kömegi hökmünde iberildi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gahryman Arkadagym! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda 80 ýaşymyň dolmagy mynasybetli iberen Gutlagyňyz üçin depäm göge diredi. Meni gyzyga goýan günleriň bilen, alyp barýan beýik işleriň bilen, waspyňy ýetirýän şygyrlarym bilen aýlaryň-ýyllaryň gyssanmaç geçýäninem duýmadym.