Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy elýeter bahalardan üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine käbir degişli sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek tabşyryldy.
* * *