Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti öň yglan edilen bäsleşikleriň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly binalaryň hem-de desgalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça öň yglan edilen bäsleşikleriň möhletini 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna (şol güni hasaba almak bilen) çenli uzaldýar. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmagynda «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek hem-de awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamyny satyn almak we ony gurnamak bilen bagly gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça gazetde 2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Salgysy: Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýy.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. Lot №407. Welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň etrap-şäherleriniň köçelerinde ýol çyzgylaryny çyzmak we ýol geçelgelerini bellik etmek üçin ýol boýagyny we goşmaça serişdelerini satyn almak.

Ahal welaýatynyň häkimligi gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar

Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatda medeni-durmuş maksatly binalary, desgalary, inžener üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny (köçeleri) täze gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaşdyrmak) işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bar bolan hem-de Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.Ähli isleg bildiren ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ýollamaly: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesi, 4-nji jaý. (Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi).

Aşgabat şäher häkimligi şäheriň Arçabil şaýolunyň Köpetdag şaýoly we Bekrewe köçeleriniň çatryklarynda ýerleşýän köprüleriň ýapgytlaryny bezemek işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşik şu ýylyň 18-nji sentýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary Aşgabat şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

— awtotoplumy we bellige alyş nokadyny; — awtomobil menzilini;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot № 31 — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin waksinalary, anyklaýyş, insektisid we sarp ediş serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 30 — Merkezi patologik anatomiýa edarasy üçin barlaghana reaktiwlerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Lot № 4 — Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak. Lot № 5 — «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny, sarp ediş serişdelerini hem-de barlaghana reaktiwlerini satyn almak.