Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Oba hojalyk ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 4,15 kub metr bolan 1-nji we 2-nji «Gowşut» suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suw geçirijilerini gurmak, olar üçin gerek bolan suw göterijileri we elektrik hereketlendirijileri gurnamak hem-de elektrik bekediniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.