Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

29 Iýul 2023

208

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Oba hojalyk ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 2,13 kub metr bolan «Ýaşyl depe» suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suw geçirijilerini gurmak, gerek bolan suw göterijileri we elektrik hereketlendirijileri gurnamak hem-de elektrik bekediniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Beýleki bildirişler