Ahal welaýatynyň häkimligi gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar

23 Awgust 2023

202

Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatda medeni-durmuş maksatly binalary, desgalary, inžener üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny (köçeleri) täze gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaşdyrmak) işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bar bolan hem-de Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.Ähli isleg bildiren ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ýollamaly:

Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesi, 4-nji jaý. (Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi).

Beýleki bildirişler