Bildirişler

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilen 600 orunlyk orta mekdebiň gurluşygyna potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň çäginde agyz suwunyň üpjünçiligini kadaly ýola goýmak maksady bilen, häkimligiň garamagyndaky «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşigini alýumin sulfaty bilen üpjün etjek potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we telekeçiler çagyrylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 37 — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin anyklaýyş serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşikleriň möhletini uzaldýar

Lot № 4 — Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak. Lot № 5 — «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny, sarp ediş serişdelerini hem-de barlaghana reaktiwlerini satyn almak.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň döwrebap binasyny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 29-njy dekabryna çenli kabul edilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda-dynç alyş we işewürlik merkeziniň taslamasyny düzmek we gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar tekliplerini şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Merkezi bankyň Düýpli gurluşygy maliýeleşdirmek we inžener-tehniki gözegçilik müdirligine ugratmaly. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy jaýy.

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky döwrebap gorag, serwer we maglumat-aragatnaşyk tor enjamlaryny, maglumat gorag programma üpjünçiliklerini satyn almak, ornaşdyrmak hem-de bu ugurda bankyň hünärmenlerine okuw geçmek boýunça gaýtadan açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Döwlet ösüş bankyndan iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 143-nji jaýy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Bagyr» ýaşaýyş toplumynyň G.Öwezow köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky 200 orunlyk Bagyr medeniýet öýüniň binasynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar we teklipler 2023-nji ýylyň 15-nji dekabryna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili howa gämilerine hyzmat edýän tehnikalara we ýörite awtoulaglara zerur bolan «Lektro AP8950SDB-AL-200» kysymly howa gämisiniň çekijisini 4V-525AH görnüşli akkumulýator batareýasy we «Orbiter 7,5 D» kysymly lentaly transportýory selenoid klapany bilen milli manatda öz serişdesiniň hasabyna üpjün edip biljek edaradyr kärhanalary hem-de telekeçileri seçip almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar, telekeçiler çagyrylýar (Ofşor zolaklarda bellige alnan ýuridik şahslaryň teklipleri kabul edilmeýär).

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalar toplumynyň çäginde gurulmaly awtoulag çykalgaly ýangyna garşy göreş deposynyň 6-synyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.