Bildirişler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 17 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi çenlik bahalary hasaplamak üçin programma üpjünçiligini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2024-nji ýylyň 10-njy apreline çenli kabul edilýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 41. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde gurnaljak sahnada zerur bolan LED ekranlary, ses ýaýyjy we yşyklandyryjy enjamlary kärendesine almak hyzmaty.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot № 15 — Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi üçin lukmançylyk maksatly harytlary hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Daşoguz şäheriniň Türkmenistan köçesiniň 18a, 20, 22, 22/1, 24-nji ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik ulgamlaryny düýpli abatlamak işlerine potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edilýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Resminamalar Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1 jaýynda ýerleşýän Daşoguz welaýat häkimliginiň edara binasynda hasaba alynýar. Gerekli maglumatlar:

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (işgärler bölümi), wagtlaýyn esasda Bildirilýän talaplar:

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (işgärler bölümi), wagtlaýyn esasda Bildirilýän talaplar:

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ýük awtoulaglary üçin awtotekerleri satyn almak maksady bilen bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär: — gatnaşyjy doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama bermeli;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi söhbetdeşlik yglan edýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde, «Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy» maksatnamasynyň 2024-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde «Akylly» oba hojalygy we azyk senagaty», «Ýaşyl» ykdysadyýet», «Saglygy goraýyş ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlyk» halkara toparlaryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2024-nji ýylyň 26-njy martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi söhbetdeşlik yglan edýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde, «Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy» maksatnamasynyň 2024-nji ýyldaky tapgyrynyň «Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk» toparyna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2024-nji ýylyň 26-njy martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.