Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.