Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.