Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri, hususan-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi. Şeýle-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy.