Eýjejik gyzjagazlaryň şadyýanlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşik şanly ýylymyzda hem uly gyzyklanma eýedir. Munuň şeýledigine bäsleşigiň mekdeplerde geçirilen gözden geçirilişleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Ak bugdaý etrabynyň çäginde umumybilim berýän mekdepleriň 44-si hereket edýär. Şol mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynda okaýan eýjejik gyzlaryň arasyndan sungata, döredijilige höweslilerini saýlap almakda we şadyýan bäsleşige gatnaşmagyny gazanmakda bilim ojaklarynyň ilkinji ýaşlar guramalary mynasyp tagalla etdi. Şeýle tagallalar mekdebara gözden geçirilişleriniň netijeli bolmagyny şertlendirdi.