Okuwçylarda çalt we ýatdan hasaplamak endigini ösdürmek

14 Fewral 2021
1801

Häzirki wagtda ýurdumyzda matematikany okatmakda okuwçylaryň işjeňligini, bilimleri özbaşdak ele almagyny, döredijilikli işlemegini gazanmak, okatmakda dersara baglanyşyga üns bermek esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Okuwçylara matematika sapaklarynda okatmagyň işjeň usullaryny guramak üçin zerur bolan matematiki mazmunly oýunlardan, matematiki diktantlardan matematiki mazmunly matallardan peýdalanmak zerurdyr. Okuwçylara gyzyklanma sapagynda çalt we ýatdan hasaplamagy, mysallaryň çözülişini öwretmek olaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Ejebaý BERDIÝEWA,
H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy.