Bilimli nesliň aladasy

14 Fewral 2021
1437

Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň gurulmagy, ozaldan hereket edýänleriniň ýokary derejedäki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, bilim ulgamyna okatmagyň täze usullarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu zatlar ösüp gelýän ýaş nesliň bilimiň esaslaryny netijeli ele almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmagyna, döredijilik ukynyň ösmegine itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly tagallalarynyň rowaçlanýandygyna bu gün uly buýsanç bilen göz ýetirip gelýäris. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerine, şeýle-de takyk ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Olarda bagtyýar ýaşlar döwrüň ösen ruhuna laýyklykda bilim alýar, hünär öwrenýär. Munuň özi Arkadagly döwrümiziň beren bimöçber bagtydyr, peşgeşidir.

Atajan JÜPBIÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.