Ýakynda ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde innowasiýanyň we döwrebap bilimiň önümçilikdäki sazlaşygyny açyp görkezmek, ýaş alymlaryň täze işläp düzen taslamalarynyň aýratynlyklaryny gözden geçirmek, olary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çekmek, täze döredilen işleri höweslendirmek maksady bilen “Ýaş alymlaryň sanly ylym ulgamdaky gazananlary” atly ýörite sergi guraldy. Onda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ýaş alymlaryň innowasiýa babatdaky täze başlangyçlary, oýlap tapan ylmy taslamalary, işläp düzen kompýuter maksatnamalary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Professor-mugallymlaryň we ylmy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebimiziň binýadynda hereket edýän ýaş alymlar merkezinde, ylmy tejribehanalarda, şeýle-de “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetinde ýerine ýetirilen taslamalaryň maksady ýurdumyzyň medeni, syýasy, ykdysady üstünliklerini ýokarlandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Olaryň arasynda okuw maksatlary bilen döredilen programmalaryň we bilim portallaryna niýetlenen täze taslamalaryň bolmagy bellärliklidir.