Ýaş binagärlerimiziň üstünligi

16 Fewral 2021
1322

Şu ýylyň 11-12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty hem-de binagärlik we dizaýn fakultetleriniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» okuw-ylmy merkezi tarapyndan onlaýn tertipde geçirilen dünýä çeperçilik medeniýetiniň ugurlary boýunça bäsleşige gatnaşdylar.

Ençeme döwletiň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşige biziň talyplarymyz hem dürli ugurlar boýunça öz işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň eminler toparynyň netijesine görä, ýokary okuw mekdebimiziň sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hanmyrat Mämmedow «Şişkiniň döredijiligi», binagärlik kafedrasynyň 5-nji ýyl talyplary Döwran Ataballyýew «EXPO sergileriniň taryhy», Jennet Rejebowa «Dünýä binagärliginiň merjenleri» we dizaýn kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Mähri Ýazmyradowa «Leonardo da Winçi — Galkynyş döwrüniň ussady» ýaly ugurlar boýunça 1-nji orny eýeläp, halkara diplomlara mynasyp boldular. Talyplaryň şeýle bäsleşiklere we sergilere gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklarynda halypa mugallymlaryň hem irginsiz zähmeti bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy talyplarymyzyň zehinleriniň has doly açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Aýjan KADYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.