HABARLAR

Ýaşlar — bagtly geljegimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-bilimi ösdürmek, ýaş nesle kämil bilim bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu günki günde ýaşlar giň dünýägaraýyşly, ussat hünärmenler bolup ýetişýärler. Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmeginiň esasy şerti hökmünde bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ony dünýä derejesine çykarmak üçin işjeň we maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýakynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhy çykyş edip, şeýle belledi: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini-de berýär. Bu günki gün ýaşlaryň başarnyklary, zehinleri bizi diýseň buýsandyrýar. Hawa, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gymmatyna doly düşünýän nesiller kemala gelýär. Şunda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olaryň watansöýüji ýaşlar bolmagy hakynda alada etmek baş ýörelgämizdir. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň esas

Ösüşleriň nurana ýolunda

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy mejlisdäki çuň manyly çykyşynda bilim ulgamy barada aýratyn durup geçmegi bizde ýakymly täsirleri döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmäge badalga berlendigini aýdyp, ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň geljekde hem gurulmagynyň, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmegiň maksadalaýykdygyny, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdeplerini ýa-da olaryň şahamçalaryny açmagyň ýaşlarymyz üçin hem, jemgyýetimiz üçin hem bähbitli boljakdygyny belledi. Bu bolsa, ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamynda bolup geçýän täzelikleriň bilim işgärlerini örän begendirýändigini aýratyn bellesim gelýär. Şanly ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde horma

Okuwçylara goşgulary öwretmegiň ähmiýeti

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan dersleriň hatarynda türkmen dili we edebiýat sapaklaryna aýratyn orun degişlidir. Bu dersler çagalaryň diňe bir sözleýiş we pikirleniş başarnyklaryny ösdürmäge kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine-de ýardam edýär. Edebiýat sapagyny geçenimizde okuwçylara goşgular hakynda düşündirýäris, goşgulary ýatdan aýtmagy öwredýäris. Goşgulary ýat tutmak çagalar üçin ilkibaşda ýeňil bolmasa-da, dogry çemeleşmäni saýlap almak has gowy netijelere ýetmäge kömek edýär. Çagalar goşgulary ýat tutmak arkaly ýatkeşligini berkidýär. Diňe bir gaýtalap ýat tutman, eýsem, şygyrlaryň many-mazmunyna düşünip öwrenmek ählitaraplaýyn peýdalydyr. Ilki bilen, çagalara düşnükli bolan goşgulary saýlap almak, olaryň her bir setiriniň manysyny ýönekeý sözler arkaly düşündirmek çaganyň aňynda logiki yzygiderliligi gurmaga kömek edýär. Goşgular çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä saýlanyp alynmalydyr.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sapaklary guramakda döwrebap ugurlar Dil öwrenmek belli bir derejede kämil şahsyýeti kemala getirýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ynsanyň pikirleniş ukybyny kämilleşdirýär, sözleýiş medeniýetini ösdürýär, döredijilik ukybyny artdyrýar. Daşary ýurt dilini öwrenmegiň täze bir dünýäni öwrenmek bilen deňdigi hakynda okuwçylara düşündirýäris. Okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär we kämilleşmeklerine ýardam edýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ýokary derejede ösdürilýär, maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem, sanly ulgamy ösdürmek, bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamak baş maksatda goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwrümizde pudaklara sanly ulgam giňişleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylmy esasda amala aşyrylyp, ösüşi has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi işleriň tiz amala aşyrylmagynda, guramaçylygy sazlaşykly ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda, sanly ulgam düşünjesi uzak aralykdan gepleşikleri geçirmäge, elektron resminamalary dolandyrmaga, okuwlary ýa-da ylmy maslahatlary onlaýn görnüşde guramaga niýetlenendir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýokary tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Röwşen geljegiň binýady

Küşt oýnunyň aýratynlyklary

Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň aňynyň ösüşini kämil derejede kemala getirmek mugallymlaryň esasy maksadydyr. Küşt oýny pikirleniş işini tejribedäki hereketler bilen baglanyşdyrmaga, meseläniň şertini we çözüliş ädimlerini aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Küşt tagtasynyň bary-ýogy 64 öýjükden ybaratdygyna garamazdan, matematikada küşt we küşt tagtasy bilen baglanyşykly gyzykly, biri-birine meňzemeýän meselelere duş gelmek bolýar. Küşt — diňe bir gyzykly oýun bolmak bilen çäklenmän, akyly ösdürmegiň serişdesidir.

Bilim — ösüşleriň binýady

Bilim ýurt ösüşleriniňdir özgertmeleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň kämil bolmagyny üpjün etmek hormatly Prezitentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary hem-de hünär öwrenmekleri, ýaş hünärmenleriň döredijilikli iş alyp barmagy üçin giň şertler döredilýär. Şu günki kämil bilim eýeleri gelejekde kär-hünärinde üstünlikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Ylym-bilimiň serhedi ýokdur. Adamzat mydama öwrenmäge, özleşdirmäge döwtalap bolansoň, ylmy gözlegler ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň hem ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Adam köp bildigiçe kuwwatly bolýar, öňünde goýan maksadyna erjellik bilen ýetýär. Bilimini tejribede ýerlikli ulanýan adam durmuşdaky üstünlikleriniň binýadyny gurýar. Bilim, zehin, tejribe utgaşanda bolsa, kämillige eltýän menziller abraý-mertebä eýe edýär.

Döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ýagty geljegini nazarlaýan beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu resminama 2028-nji ýyla çenli bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder. Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri el

Kämilligiň berk binýady

Häzirki wagtda ylym-bilim ösdürilýär we ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ýaşlar dünýä dillerini oňat bilmek bilen, ylmy kitaplardan peýdalanyp, iň döwrebap mümkinçilikleri ele alýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagyna, ylmy- döredijilik işlerine höweslendirilmegine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň biridir. Şulardan görnüşi ýaly, ýaşlara halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim berilmegi, häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilime höwesi has artýar. Bilim ulgamynda innowasion çemeleşme bilen häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy ýaşlaryň täze nesliniň kemala getirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir ob