Röwşen geljegiň şuglasy

6 Oktýabr 2024
473

Ylmyň we bilimiň ösdürilýän häzirki döwründe ýaş nesilleri durmuşa taýýarlamak, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda döwrebap bilimlere, sanly ulgamyň özleşdirilişine uly üns berilýär. Şonuň üçin hem sanly bilimi ösdürmek, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek baş maksadymyzdyr.

Maglumat we innowasion tehnologiýalar çalt ösýär. Häzirki wagtda dünýäde innowasion, şeýle hem kompýuter tehnologiýalaryna uly üns berilýär. Şunda sanly tehnologiýalaryň ýokary tizlikli ösüşini görmek bolýar. Munuň özi geljegiň bilim bilen, nanotehnologiýanyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň beýan edýär.

Suraý ORAZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.