Netijeli işleriň beýany

6 Oktýabr 2024
554

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdeplerinde täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda amatly bilim gurşawyny döretmek, ýaş nesle ýokary hilli bilim bermegiň usulyýet esaslaryny kämilleşdirmek, mugallymlar düzüminiň pedagogik tejribesini ýokarlandyrmak baradaky işler oňat netijesini berýär. Şu işleriň maksadynda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilmeklerini gazanmak, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişliginde gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, abraý-mertebesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Häzirki ajaýyp döwürde okatmagyň hili ýokarlandyrylýar, iň döwrebap usullar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem peýdalanylýar, çünki sanly ulgamyň ösdürilmegi netijesinde döwrebap şertler döredilýär.

Myratnyýaz NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.