Ösüşleriň nurana ýolunda

9 Oktýabr 2024
472

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy mejlisdäki çuň manyly çykyşynda bilim ulgamy barada aýratyn durup geçmegi bizde ýakymly täsirleri döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmäge badalga berlendigini aýdyp, ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň geljekde hem gurulmagynyň, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmegiň maksadalaýykdygyny, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdeplerini ýa-da olaryň şahamçalaryny açmagyň ýaşlarymyz üçin hem, jemgyýetimiz üçin hem bähbitli boljakdygyny belledi. Bu bolsa, ählimizde gyzgyn goldaw tapdy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamynda bolup geçýän täzelikleriň bilim işgärlerini örän begendirýändigini aýratyn bellesim gelýär. Şanly ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny bellemek ýakymlydyr. Bu resminamada çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, aň taýdan ösen, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.

Meretgül HALMYRADOWA,
Tejen etrabyndaky 30-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.