Döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar

6 Oktýabr 2024
552

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ýagty geljegini nazarlaýan beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu resminama 2028-nji ýyla çenli bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder.

Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, iş başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary öwrenmeklerine ýardam bermek meselelerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde kämil tehnologiýalardan habarly hünärmenleri ýetişdirmek aýratyn üns berilýän ugurdyr. Kämil hünärmenler sanly ykdysadyýeti ösdürjek, durmuşa geçirjek işgärlerdir. Şonuň üçin sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm ugurlarynyň biri hem hünärmenleriň kämilligidir. Bu döwrebap işler häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlara tehnologiýalar, iň kämil enjamlar öwredilýär. Şunda hünärmenleriň sanly ulgam baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Bu bolsa tejribeli hünärmenleriň, giň düşünjeli ýaşlaryň kemala gelmegini göz öňünde tutýar.

Mähri MURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.