HABARLAR

Nebitgazlylyga baha bermegiň ölçeg alamatlary

Geologiýa ylmynda gury ýerleriň we suwasty geologik kesimiň nebitgazlylygyna baha bermegiň birnäçe ölçeg alamatlary bar. Bu işde olaryň her biriniň üstünde gysgaça durlup geçilýär. Nebitgazlylyga baha bermegiň ölçeg alamatlary (kriteriýalary) — bu olaryň geljeginiň derejesi boýunça geologik obýektleriň nebitgazlylygynyň synplandyrylyşynyň (klassifikasiýasynyň) esasynda goýlan nebitgazlylygynyň alamatlarydyr. Nebitgazlylyga baha bermegiň ölçeg alamatlary empiriki we teoretiki kanunalaýyklyklaryň esasynda saýlanylýar we adatça, nebitiň, gazyň geologiýasynyň pudaklary boýunça toparlanýar: tektoniki (şol sanda paleo we neotektoniki), paleogeografiki, litologik, geohimiki we gidrogeologik.

“Ylymly il ozar”

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin

Ýaşlar hemişe öň hatarda bolmalydyr

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Hasabat-saýlaw ýygnagynda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde TMÝG-niň welaýat geňeşiniň alyp barýan işleri, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler barada gürrüň edildi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, zähmetsöýer, ylymly, bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen hem, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, TMÝG-niň welaýat, şäher we etrap geňeşleri tarapyndan Berkarar döwletiň

Akgoýunly döwletiniň meşhur alymlary

Taryha ser salsak, kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilendigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwletleriniň hökümdarlary ylmyň ösmegi üçin alymlary öz ýurduna çagyryp, howandarlyk edipdirler. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň bu ugurda amala aşyran işleri hem muňa aýdyň mysaldyr. Akgoýunly türkmen döwletini Oguz han neslinden bolan Baýyndyrlar esaslandyrypdyr. Maglumatlara görä, akgoýunlylar orta asyrlarda Horasandan Diýarbekiriň töwereklerine göçüp barypdyrlar. Akgoýunlylaryň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly begdir. Turaly begiň agtygy Gara Ýülük Osman beg 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini esaslandyrypdyr. Gara Ýülük Osman begiň agtygy Uzyn Hasanyň döwründe bu döwlet gülläp, çägini giňeldip, şadöwlet (imperiýa) derejesine ýetýär.

Ylmy-barlag işleriniň netijeliligi

Diýarymyzda innowasiýany ösdürmek milli ykdysadyýetimizi has ýokary ösüş derejesine getirmek bilen baglydyr. Innowasion ykdysadyýetiň maksady meseleleri, ugurlary täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmäge hem-de ylmy, bilimi jemgyýetiň ähli hyzmat ediş çäklerinde ulanmaga gönükdirilendir. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ösmek, ylmy barlaglary geçirmek we olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ylmy-tehniki ösüşiň esasyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ylmy-barlag işlerini döwrebap alyp barmak üçin ylmy institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olarda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, işgärleri taýýarlamaga hem-de ýaşlary ylmy döredijilige işjeň çekmäge giň mümkinçilikler bar.

Öý guşlaryny iýmitlendirmegiň ähmiýeti

Halkymyz öý guşlary bolan towugy ýedi hazynanyň biri hasaplaýar. Şonuň üçin oba ýerlerinde hojalygynda öý guşlaryny saklaýan, olara ideg edýän maşgalalar örän köp. Çünki guşçulyk biziň ýurdumyzda iň girdejili pudaklaryň biridir. Ilatyň guş etine we ýumurtga bolan islegini kanagatlandyrmakda ýörite guşçulyk toplumlarynyň ylmy-tejribä esaslanyp alyp barýan işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Bereketli türkmen saçagynda towuk etinden we towuk ýumurtgasyndan gündelik taýýarlanylýan tagamlar ýokary derejedäki ýokumlylygy we lezzetliligi bilen tapawutlanýar. Ýöriteleşdirilen guşçulyk toplumlarynda bolsa ýumurtga ugurly guşlar ösdürilip ýetişdirilende, olaryň talabalaýyk iýmitlendirilmegine uly üns berilýär. Munuň üçin adaty guş iýmlerine ýörite iýmlik goşundylary goşmak zerur hasaplanylýar. Bu bolsa ýumurtga berýän towuklaryň sagdyn, ýumurtgalaryň ýokumlylygynyň we hiliniň ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Paýhas ummany

Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan söýgini artdyrýan çeşmedir, adamzadyň akyl-paýhasyny durlaýan gymmatlykdyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň ruhy binýadyny berkidýän, ynsan paýhasyny durlaýan eserleriň, ruhy we medeni gymmatlyklaryň ojagy bolan kitaphanalaryň işi häzirki wagtda döwrüň talaby esasynda guralýar.

Nol barada gyzykly maglumatlar

Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, «nol» sözi greklerden alnypdyr: Ptolimeý sanlaryň ýok ýerinde «0» harpy ýazypdyr (omikron — «hiç zat» diýmegi aňladýar). Beýleki alymlaryň bellemegine görä, «nol» sözi Hindistandan gelip çykypdyr. Hindistanda arifmetikanyň gazanan esasy üstünlikleriniň biri-de onlugyň nol hasap edilmegidir. Nolly ýazgylaryň has gadymylaryna Hindistanda 876-njy ýylda tapylan ýazgy degişlidir. Kampuçide we Indoneziýada şeýle ýazgylar VII asyra gabat gelýär (nol nokat görnüşinde ýa-da kiçijek tegelejik görnüşinde aňladylypdyr). Ilki nol «san» diýen söz bilen atlandyrylypdyr. Bu ýagdaý XIX asyra çenli dowam edipdir. XV asyrda noly san hasap etmändirler. Fransuz matematigi Žirar (1629ý.) ilkinji bolup noly deňlemäniň köki hökmünde, ýagny san hökmünde kabul edipdir, ýöne ondan has soňrak (1697ý.) Oksford uniwersitetiniň professory Djon Ballis «nol san däl» diýen pikiri öňe sürüpdir. Natural sanlaryň düzümine nol Eýler tarapyndan 1768-nji ýylda girizilipdir.

Gowaçanyň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmagyň usullary

Ýeralma – gymmatly azyklyk ekin

Ýaňy-ýakynda ýurdumyza Russiýa Federasiýasyndan getirilen ýeralmanyň birnäçe sortlarynyň ýerli toprak-howa şertlerinde ösüşini we hasyllylygyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi. «Ariel», «Žukowskiý», «Meşeriý», «Armada», «Udaça», «Guliwer», «Metlor», «Granada», «Wympel» we «Krepyş» sortundan bolan ýeralmalarynyň tohumlary uniwersitetimiziň synag-tejribe meýdançasynda ýazlyk ekilip, aýratynlykda olaryň ösüşine fenologiki gözegçilik işleri (ekilen möhleti, gögerip çykan wagty, köpçülikleýin gülleýän döwri, baldagynyň uzynlygy we ş.m.) alnyp baryldy.