Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak kämilleşdirilýär

18 Iýul 2022
1751

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan Maglumat tehnologiýa merkezi, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw tejribehanalarynyň döredilmegi okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede alyp barmaga, ylmy-barlag işlerinde netijeliligi gazanmaga, sanly bilim ulgamyny üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň ýurdumyzyň nebitgazhimiýa pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halal zähmeti bilen mynasyp goşant goşmaklaryna ähli şertleri döredýär.

Ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ykdysadyýetini ýokary hünärli inžener-tehniki işgärler bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary bilim ulgamy üçin kesgitlän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Onuň zerurlygy Türkmenistanyň batly depginler bilen senagatlaşdyrylmagy, halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar bilen şertlendirilendir.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.