Talyplar önümçilik tejribeliginde boldular

1 Awgust 2022
1666

Şu günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Önümçilik tejribelikleriniň ýangyç-energetika ulgamynyň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda geçirilmegi olaryň nazaryýetde öwrenenlerini önümçilikde pugta özleşdirmeklerine ýardam berýär.

Bu ýokary okuw mekdebiniň nebit we gaz fakultetiniň «Nebit we gaz guýularyny burawlamak» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary dört hepdäniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş» müdirlikleriniň guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehlerinde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatynyň çägindäki burawlaýyş kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçdiler.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».