Şugundyrdan dargamaga ukyply we arzan plastik önümlerini ýasamak Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Biofizika institutynyň hünärmenleri tarapyndan öwrenildi.
Krasnoýarskdan gelen ylmy-barlag topary şeker önümçiliginiň galyndy önümi bolan gant şugundyrynyň şeýle polimerleri öndürmek üçin ulanmagyň has amatly usuldygyny ýüze çykardylar. «Cupriavidus nekator» bakteriýalary bolsa plastigi gaýtadan işlemäge kömek etdi. Bu bakteriýalar öz biomassasynda dürli himiki düzümli we häsiýetli polimerleri ýygnamaga ukyplydyr. Olar diňe fruktozany we glýukozany «halaýarlar». Çig malyň düzümindäki bakteriýalary gaýtadan işleýän öýjüklere baryp bilmeýän ýeke-täk şeker disaharid – saharozadyr. Şonuň üçin saharozany monosaharidlere: fruktoza we glýukoza öwürmek üçin gaýtadan işlenilýär. Şeýlelik bilen, alymlar bakteriýalary olar bilen «iýmitlendirdiler» we başlangyç bakterial biomassadan polimer öndürijiliginiň 80 göterimini aldylar. Olar dargamaga ukyply we özara baglanyşyklydyr. Bu bolsa olary dürli ugurlarda – jemgyýetçilik hyzmatlarynda, oba hojalygynda, lukmançylykda ulanmaga mümkinçilik berýär.