Täze ýokary okuw mekdebi innowasion bilim ojagyna öwrüler

26 Iýul 2022
1759

Arkadagly Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna aralaşmaklary, döwrüň ösen innowasion enjamlaryndan ussatlarça baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagalla edýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, golaýda paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy hem onuň aýdyň subutnamasydyr.

Gurluşygynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylyp, okuw otaglary hem-de tejribehanalary döwrebap kompýuterler, multimedia we lingafon enjamlary bilen üpjün ediljek ýokary okuw mekdebi innowasion bilim ojagyna öwrüler.

«Türkmen dünýäsi».