Bilim-sowatlylyga, akyl-paýhasa, dilewarlyga we döredijilikli zähmete sarpa goýýan synçy halkymyzyň «Bir okana bar, bir-de — dokana», «Altyn daşdan çykar, akyl başdan», «Sowady köpüň ýoly köp», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize — guwanç» we başga-da ençeme pähimleri ýaş nesliň ylym ýolundaky üşük-zehininiň ýitelmegine itergi beripdir. Döwletiň we jemgyýetiň pajarlap ösmegini ylym-bilimde gören dana pederlerimiziň her bir amalyň ylym bilen utgaşmagyny «gymmatlyk» saýyp, ýazan ylmy garaýyşly eserleri şahsyýetiň ruhy-ahlak, aň-düşünje we beden taýdan taplanmagyna aýdyň ýol açypdyr. Şeýle akyldarlaryň biri hem Gündogarda täze pikir öwrülişigini esaslandyran beýik alym Muhammet Gazalydyr. «Amalsyz ylym miwesiz agaç ýalydyr» diýen Gazalynyň ylmyň dürli pudaklaryny öz içine alýan ýüzden gowrak kitabynyň sanawynda «Ylym barada kitap» atly köptaraplaýyn eseri filosofiýa pikirleriniň jemlenýän we ylmy wagyz etmekde giňden ulanylýan eserdir. Alymyň bu kitaby dürli döwürlerde rus, türk, fransuz, iňlis, nemes we beýleki dünýä dillerine terjime edilip, meşhurlyga eýedir. Çünki bu ylmy eser gündelik ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolup, onuň peýdasy adamy ylym öwrenmäge höweslendirmekden, her bir ynsanda ýokary ahlak medeniýetini kemala getirmekden ybaratdyr.
Muhammet Gazaly ylym baradaky kitabynda alymlyk we şägirtlik edebini, ylym öwrenmekde we ony öwretmekde alyma hormatly ornuň degişlidigini beýan etmek bilen: «Kim öwrense, öwrenen zadyny amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly Gün ýalydyr. Günüň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir. Onuň mysaly hoşboý ysly müşk ýalydyr. Müşküň özüniň hoşboý ysy bar we ol özgelere ýakymly ys ýaýradýar. Bilýän zadyna amal etmeýän kişi sahypalary ylymdan doly depder ýalydyr. Ýa-da ol çalgy daşynyň mysaly ýalydyr. Çalgy daşy pyçagy ýiteldýär, özi bolsa ýitelmeýär. Ýa-da ol iňňäniň mysaly ýalydyr. Iňňe özgeleri geýindirýär, özi bolsa çyplaklygyna galýar. Öz ylmyndan özi peýdalanman, başga kişiler peýdalanan kişi barada şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr: Ol kişiniň mysaly göýä bir şem ýalydyr, Özgä berer ýagtysyn, ýanmak oň ykbalydyr» diýen mysallary getirýär.