HABARLAR

Täze ylmy ýygyndy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan «Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň me­ka­ny­dyr» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň ma­ka­la­lar ýy­gyn­dy­sy res­mi ne­şir edil­di. Bu yl­my ýy­gyn­dy ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň, ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň yl­my iş­gär­le­ri­niň, hü­när­men­le­ri­niň yl­my ma­ka­la­la­ryn­dan yba­rat­dyr.

Guýulary özleşdirmegiň usullary

Nebitgaz senagatynda çendenaşa pes gatlak basyş we ýokary gatlak temperatura şertlerinde guýular burawlanandan we guýularda düýpli bejeriş işleri geçirilenden soň, önümli öýjüklik giňişliginiň hapalanan ýagdaýlarynda çuň gatlaklardan gazyň akymyny çagyrmakda we guýulary özleşdirmekde päsgelçilikler ýüze çykyp bilýär. Häzirki wagtda bu ýagdaýda guýulary özleşdirmegiň birnäçe usullary bar. Şeýle usullaryň biri ýokary basyşly kompressoryň ýa-da ýokary basyşly gazyň kömegi bilen suwuklygyň dykyzlygyny peseltmek we guýudan suwuklygy çykarmak boýunça guýulary özleşdirmek bolup durýar. Bu usulyň esasy kemçilikleriniň biri guýulary özleşdirmekde onuň netijeliliginiň pesligidir. Bu usuly diňe çuň bolmadyk guýularda ulanmak bolýar.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE Ýaş alym Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki simwoliki aýratynlyklary öwrendi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi ýaş alymlar üçin täze ylmy pikirleriň döremeginde aýratyn möhüm bir nusga bolup durýar. Ine, Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Güýçmyrat Abdyýew hem öz ylmy gözleglerinde şahyryň döredijiliginiň çuňluklaryndan ylham alyp, türkmen halkynyň simwolika, metafizika, we aryflyk ýaly ugurlardaky baý medeniýetine täzeçe garaýyşlar bilen çemeleşipdir. Ýaş alymyň bu gözlegleri ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde üstümizdäki ýylda üçünji orna mynasyp boldy. Ýaş alym öz ylmy işinde Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserlerinde metafiziki düşünjeleriň nyşana alnyşyna aýratyn üns berýär. Onuň ylmy gözlegleri halkymyzyň ruhy gözýetimindäki çuňňur manylary açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle ylmy işleriň, hususan-da, ýaş alymlaryň ylmy çemeleşmeleri arkaly durmuşa geçirilmegi häzirki zaman türkmen dilini we filosofiýasyny giňden ösdürýär.

Ösen tehnologiýa — döwrüň talaby

Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahat bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen guraldy. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişi güwänamasy arkaly tassyklanylmagy onuň giň dünýäde ykrar edilýändiginiň alamatydyr. Maslahata Türkiýeden, Özbegistandan, Malaýziýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Rumyniýadan, Günorta Koreýadan, Russiýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan 22 sany alym, professor-mugallymlar we ýokary tehnologiýalar, «akylly» şäherler, emeli aň we kiberhowpsuzlyk babatda işleri alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem 15-e golaý

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralarynyň döredilmegi, mekdep-gimnaziýalarynyň işe girizilmegi hem möhüm wezipeleriň hatarynda öňe sürülýär. Häzirki günlerde paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumy we umumy ýaşaýyş jaýy bilen birlikde welaýat merkezimizde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Ýylyň-ýylyna iň çetki obadyr şäherlerimizde hem häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň işe girizilmegi ata Watanymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Dürdäne şygyrlarda Watan waspy

Özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat kowmunyň öňünde bitiren hyzmaty ölçärden juda uludyr. Magtymgulynyň keşbi mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr hökmünde kalbymyzda hemişe örboýuna galyp dur. Watançylyk, gahrymançylyk äheňli goşgular söz ussadynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dana şahyr Watanyny janyndan eý görüpdir, söýüpdir, ezizläpdir. Gözleriniň garasyna deňäpdir. Şahyr öz ilini uçursyz söýşi, apalaýşy, baýdak edişi ýaly, onuň uly geljegine umytly garapdyr. Bu ýörelge şahyryň şu goşgy setirlerinde aýdyň beýanyny tapýar:

Ýokary okuw mekdebimiz ― abraýly sanawda

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça «UI GreenMetric World University Ranking» reýtingine girdi. Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramak, energetika, howanyň üýtgemegi, galyndylary dolandyrmak, ulag we durnukly ösüş babatdaky gazananlaryny bahalandyrýar. Şu ýyl reýtinge 95 döwletden ýokary okuw mekdepleriniň 1477-si girizildi. «UI GreenMetric World University Ranking» ýokary okuw mekdeplerine durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýan birnäçe görkeziji boýunça baha berýär. Hususan-da, ol ýokary okuw mekdebiniň infrastrukturasyny, ylmyň we gözlegleriň alnyp barlyşyny göz öňünde tutýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar, bu bolsa institutyň halkara reýtingde mynasyp orny eýelemegine mümkinçilik berdi.

Kalba dolan buýsanjyň beýany

Okuw ýyllary bahar bilen tomsuň sepgidinde tamamlansa-da, her ýylyň çalşygynda bilim işgärleri geçilen menzillere syn salyp, ýetilen sepgitleri, edilen işleri seljerýärler. Şol seljermeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, edil şahyryň öz şygyrlary ýaly, hümmetli we gymmatly ýyl bolandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň bilim işgärleriniň uly toparynyň hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna hem-de ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp bolmagy hem görkezýär. Şanly ýylda akyldar şahyryň mertebesine döredilen medalyň eýesi bolmak her bir watandaşymyz, şol sanda, bilim işgärleri üçin hem belent mertebedir.

Döwrebap ösüşleriň binýady

Alym Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan bolmalydygyny aýratyn belleýär. Çünki hut şeýle çemeleşme bilen edilen işler ösüşlere ýol açýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly mynasyp dowam etdirýär. Ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini has-da çaltlandyrmaga gönükdirilen wezipeler döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Şol wezipelere üstünlikli amal etmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem köp ugurlar boýunça düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde bu babatda alnyp barylýan işler nusgalykdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Himiýa inst

Ylym — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlara döwrebap terbiýe bermek asylly ýörelgä öwrüldi. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ylmy taýdan esaslandyrylyp, ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny berkitmekde döwlet tarapyndan goldaw berilýär, bu ugurda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ylym ösüşiň berk binýady hasaplanýar. Çünki jemgyýetçilik aňynyň iň çalt ösýän görnüşi ylymdyr. Häzirki zaman ylmy örän uly ösüşlere eýe bolýar, nanotehnologiýanyň döwrebap ugurlary barha kämilleşýär. Şunda ylmyň gazananlaryny halk hojalygyna ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ylmyň ornuny ýokarlandyrmak baş maksat bolup durýar. Munuň özi diňe bir ylmyň ösmegine däl-de, jemgyýetçilik aňynyň has-da kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilimiň ösmegine uly üns berilýär. Esasan hem, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmekde maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Ýaş alymlaryň dünýägaraýşynyň has-da kämil bolmagy bu babatda ýola goýulýan işleriň netijeliligini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-tehniki işleriň e