Dürdäne şygyrlarda Watan waspy

18 Dekabr 2024
88

Özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat kowmunyň öňünde bitiren hyzmaty ölçärden juda uludyr. Magtymgulynyň keşbi mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr hökmünde kalbymyzda hemişe örboýuna galyp dur.

Watançylyk, gahrymançylyk äheňli goşgular söz ussadynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dana şahyr Watanyny janyndan eý görüpdir, söýüpdir, ezizläpdir. Gözleriniň garasyna deňäpdir. Şahyr öz ilini uçursyz söýşi, apalaýşy, baýdak edişi ýaly, onuň uly geljegine umytly garapdyr. Bu ýörelge şahyryň şu goşgy setirlerinde aýdyň beýanyny tapýar:

Aýna HUDAÝKULIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.