Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz gorlarynyň uly ätiýaçlyklarynyň özleşdirilişi

2 Dekabr 2024
171

Günorta-Günbatar Türkmenistanyň territoriýasy Balkanýaka we Gögerendag-Ekerem göterilmeleri, Gyzylgum we Kelkör bükülmeleri ýaly esasy tektoniki elementlerden durýar.

Balkanýaka tektoniki zolagy aňrybaş gorlara eýedir we 100 ýyldan gowrak wagt bäri onuň känleri ýokarky we orta plioseniň kesimlerinden nebit we gazyň uzak wagtlap işlenip geçirilişinde ýerleşýär. Agtarylmadyk serişdeler çuňlukda ýatan aşaky gyzylreňkli (5 kilometrden gowrak) we gyzylreňkliden aşaky (miosen we mezozoý — 5,5 — 8 kilometr) çökündilerde jemlenendir. Şu wagta çenli orta plioseniň gyzylreňkli gatlaklygy we onuň açylmadyk bölegi nebitiň, gazyň gözlegi, agtarylyşy üçin ilkinji nobatdaky obýektler bolup galýar. Açylan gorlary ulanyşa dessine girizmäge mümkinçilik berýän, ösen infrastrukturanyň netijesinde agtaryşy köne känleriň entek barlanylmadyk bloklarynda we uzakdaky periklinal böleklerinde alyp barmak ykdysady taýdan peýdalydyr. Ýataklary gözlemek üçin mysal hökmünde Sapygaralyk epinini getirmek bolar, ol örän uly Goturdepe gurluşynyň aýratyn tektoniki blogy bolup durýar.

Gülşat GARRAÝEWA,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň inženeri.