Isleglerimiz myradyna gowuşýar

11 Dekabr 2024
156

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýyly diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýy­ly­myz da­na Py­ra­gy­nyň gy­zyl­dan gym­mat­ly dö­re­di­ji­li­gi­ni çuň­ňur öw­ren­mek­de we dün­ýä ýaý­mak­da iň ne­ti­je­li ýyl­la­ryň bi­ri hök­mün­de şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da öç­me­jek yz goý­ýar.

Akyl­dar şa­hy­ryň ýurt ber­ka­rar­ly­gy, hoş­me­ýil­li goň­şu­çy­lyk we dost-do­gan­lyk bi­len bag­ly ýü­rek ar­zuw­la­ry­nyň wy­sa­ly bo­lan Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gahryman Arkadagymyzyň Mag­tym­gu­ly Pyragynyň ede­bi mi­ra­sy­ny top­la­mak­da, yl­my esas­da öw­ren­mek­de, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň syn­maz sü­tün­le­ri­ne öw­rü­len mö­hüm sy­ýa­sy-fi­lo­so­fik, jem­gy­ýet­çi­lik, yn­san­per­wer­lik, ru­hy-ah­lak ga­ra­ýyş­la­ry­ny wa­gyz et­mek­de we dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­ti­ren gör­nük­li hyz­mat­la­ry üçin Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy bi­ziň her bi­ri­mi­ziň ba­şy­my­zy Gö­ge ýe­tir­di. Milli Liderimize Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň gowşurylmagy —bu ulus-ilimiziň isleginiň myradyna gowuşmagydyr. Bu şat­lyk­ly wa­kalar şöh­rat­ly ýy­ly­my­zyň, gal­ky­nyş­ly döw­rü­mi­ziň şa­ny­na-şan goş­mak bi­len, türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry­na bo­lan sy­lag-sar­pa­sy, onuň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren baý hem-de gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­li­ge bo­lan hö­wes-hy­ru­jy bi­len bir­lik­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugur­da bi­tir­ýan dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri­ne be­genç-buý­san­jy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Ar­zuw AÇY­LO­WA,
Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.