ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE Ýaş alym Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki simwoliki aýratynlyklary öwrendi

21 Dekabr 2024
66

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi ýaş alymlar üçin täze ylmy pikirleriň döremeginde aýratyn möhüm bir nusga bolup durýar. Ine, Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Güýçmyrat Abdyýew hem öz ylmy gözleglerinde şahyryň döredijiliginiň çuňluklaryndan ylham alyp, türkmen halkynyň simwolika, metafizika, we aryflyk ýaly ugurlardaky baý medeniýetine täzeçe garaýyşlar bilen çemeleşipdir. Ýaş alymyň bu gözlegleri ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde üstümizdäki ýylda üçünji orna mynasyp boldy.

Ýaş alym öz ylmy işinde Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserlerinde metafiziki düşünjeleriň nyşana alnyşyna aýratyn üns berýär. Onuň ylmy gözlegleri halkymyzyň ruhy gözýetimindäki çuňňur manylary açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle ylmy işleriň, hususan-da, ýaş alymlaryň ylmy çemeleşmeleri arkaly durmuşa geçirilmegi häzirki zaman türkmen dilini we filosofiýasyny giňden ösdürýär.

Agageldi ITALMAZOW
«Arkadagly Ýaşlar».