Guýulary özleşdirmegiň usullary

2 gün öň
24

Nebitgaz senagatynda çendenaşa pes gatlak basyş we ýokary gatlak temperatura şertlerinde guýular burawlanandan we guýularda düýpli bejeriş işleri geçirilenden soň, önümli öýjüklik giňişliginiň hapalanan ýagdaýlarynda çuň gatlaklardan gazyň akymyny çagyrmakda we guýulary özleşdirmekde päsgelçilikler ýüze çykyp bilýär. Häzirki wagtda bu ýagdaýda guýulary özleşdirmegiň birnäçe usullary bar.

Şeýle usullaryň biri ýokary basyşly kompressoryň ýa-da ýokary basyşly gazyň kömegi bilen suwuklygyň dykyzlygyny peseltmek we guýudan suwuklygy çykarmak boýunça guýulary özleşdirmek bolup durýar. Bu usulyň esasy kemçilikleriniň biri guýulary özleşdirmekde onuň netijeliliginiň pesligidir. Bu usuly diňe çuň bolmadyk guýularda ulanmak bolýar.

Sapargylyç DURDYGYLYJOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.