HABARLAR

Jemgyýetiň ruhy sütüni

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, ony täzeçil öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga, kämilleşdirmäge, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge döwlet derejesinde uly üns bermeginiň, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmeginiň özeninde çuňňur many bar. Sebäbi medeniýetimiz we sungatymyz döwrümiziň, jemgyýetimiziň ruhy sütüni bolmak bilen, halkymyzyň taryhyň bütin dowamynda gazanan üstünliklerini, Ýer ýüzünde bitewi bir millet hökmünde ýeten belent derejelerini, umumadamzat ösüşine goşan mynasyp goşandyny özünde jemleýär, ýagny şolary bir bitewi sazlaşyklylykda wasp edýär, dünýä ýaýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymylygy, täzeçilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň ünsüni özüne çekmegi başaran medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşlere beslenýändigini, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan milletdigini, medeniýetimize we sungatymyza bu günki gün uly sarpa goýulýandygyny nygtaýan milli Liderimiziň parasatly döwlet syýasatynda bu ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýändigi we pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzdyr ýol-ýörelgelerimizi berjaý etmekde, olara hormat-sarpa goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň

Ussat şahyr, görnükli serkerde

Mälim bolşy ýaly, 31-nji martda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly maslahat geçirildi. Zehinli şahyr hem-de görnükli serkerde Baýram hana bagyşlanan çykyşlar birnäçe bölümçede dowam etdi. Çykyşlarda, esasan, Baýram hanyň edebi mirasynyň we milli terbiýäniň kökleri, orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklardaky orny barada gürrüň edildi.

Medeni hyzmat edýäris

Gojaman Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iri ilatly ýerleriň biri-de Guwlymaýakdyr. Bu ýeriň ady guw we maýak sözleri bilen baglanyşyklydyr. Ir döwürlerden asmana uzaýan maýak gijelerine ýalkym salyp, gämilere ýol görkezipdir. Ajaýyp guw sürüleri kenaryň bezegi bolupdyr. Guwlymaýak şeýle hem baýlyk mesgeni hasaplanypdyr, häzirem şeýle. Guwlymaýakda nahar duzunyň senagat taýdan işlenip çykarylyp başlanaly bäri bir asyrdanam köp wagt geçdi. Bu işi «Guwlyduz» kombinaty ýerine ýetirýär. Duzçular gymmatly önümiň çykarylyşyny artdyrmaga çalyşýarlar. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ilatyny nahar duzy bilen üpjün edýärler. Kärhananyň önümçilik kuwwatynyň artýandygyny-da bellemek gerek. Bu ýerde arassa nahar duzuny, gerdejik görnüşindäki tehniki duzy öndürýän täze sehiň işläp başlanyna köp wagt geçenok. Kärhananyň işgärleri ähli tagallalaryny önümçilik tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirýärler. Önüme bolsa isleg uly.

Watansöýüjiligiň beýik nusgasy

Türkmen milletiniň asyrlaryň çuňluklaryna baryp ýetýän baý hem buýsançly taryhy kökleri bar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň kämilligi beýik akyldarlaryň, danyşmentleriň, şol sanda merdana serkerde we şahyr Muhammet Baýram hanyň edebi mirasynda hem anyk keşbe eýe bolýar. Hindistanda ýaşap geçen Baýram hanyň we onuň ogly Abdyrahym han-hananyň ömrüni hem-de döredijiligini, gymmatly pikirlerini düýpli öwrenmek ählimiz üçin gymmatly gollanmadyr. Gelip çykyşy boýunça türkmenleriň baharly taýpasyndan bolan Baýram hanyň ata-babalary hem meşhur adamlar bolupdyr. Kakasy Seýfaly beg-de, atasy Ýaraly beg-de, onuň atasy Allaşükür beg-de Garagoýunly türkmen döwletiniň gullugynda bolup, uly hyzmatlary bitiripdirler. Dürli ýörişlere gatnaşyp, batyrlyk görkezipdirler. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýleni-dä. Ýazarlaryň ählisi onuň durmuşynyň bir pursadyny aýratyn belleýärler.

Aşgabadym — göwün şadym

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet derejesinde uludan tutulýan toý-baýramlaryň ikisini bu ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň hatarynda durýar diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy halkymyzyň, şeýle-de, döwletimiziň beýik taryhy ösüşleriniň baýramy bolup, Berkarar döwletimizde bagtyýarlyk döwrümiziň owazyny äleme ýaýar. Şu günler halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda belleniljek bu toýlara giňden taýýarlyk görýär.

Mukaddesligiň beýik nusgasy

Ynsanyň mähriban balasynyň ilkinji eşidýän aýdymy — ene hüwdüsi. Ene hüwdüsinde tükeniksiz mähir, söýgi, ylham bar. Ol beýik sungat eseri. Hakyky sungat bolsa garramaýar, ýitmeýär. Eneler — beýik sungat eserini döredijiler. Olar mukaddesligiň beýik nusgasy. Eneleriň kalbymyza guýýan mähri, ysnyşykly gatnaşyklary, göreldesi, aýdym-sazy dünýämizi nurlandyrýar. Eneler hakyndaky eserler dünýäde baky ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri hem halkymyzyň arasynda söýgi bilen okalýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu eserinde «Ene dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi» diýip bellenilýär.

«Garybymdan» başlanan ýol

Türkmen opera sungatynyň pajarlap ösmegine ägirt uly goşant goşan Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini belende göterdi. Ussat aýdymçy «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ol ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, özi ýaly tanymal sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada etdi. Ýaşlar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda ol milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bererdi. 2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Zöhre-Tahyr» operasy görkezildi. Maýa Kulyýewa bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp, ýaş artistleriň çykyşyny synlady. Ussat halypa opera tamamlanandan soň, özünde galan täsirler barada gürrüň berdi. Şol duşuşyga gatnaşmak, ussat halypa bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna eýe bolanymy ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn.

Halkara forum geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda halkara forum geçirildi. «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly onlaýn görnüşinde geçirilen halkara forum umumy mejlisden we «Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri», «Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny», «Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri», «Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri» atly bölümlerden ybarat boldy. Halkara forumyň 3-nji — «Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri» atly bölümi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa türkmenistanly alymlar bilen birlikde, onlaýn arkaly Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystan, Belarus we Azerbaýjan Respublikalaryndan alymlar gatnaşdy.

Gözellikden gözbaş alýan Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan sünnälenip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilen gymmatlyklar bolan nepislikde göreni haýrana goýýan türkmen halylarymyz, gyzdan gylykly, ýelden ýyndam ahalteke bedewlerimiz, altyndyr kümüşden ýasalan şaý-seplerimiz, tebigatyň täsinliklerine çalymdaş keşde nagyşlarymyz milli medeniýetimiziň özenini düzýär. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda ahalteke bedewine, türkmen halysyna, dutardyr gyjagyna uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda türkmen bedewiniň, türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip giňden bellenip geçiler. Şeýle hem, şu ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyrylyp geçiriler. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen halkynyň başyny göge ýetirdi. S

Beýik şahyra bagyşlandy

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda Karara gol çekmegi halkymyzyň göwün guşuny göge uçurdy. Bu şanly waka mynasybetli Saýat etrap medeniýet bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde Sakar şäheriniň medeniýet öýünde «Ýüreklerde orun alan şahyrym» atly aýdym-sazly agşam geçirdi. Dabarada Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakow, Sakar şäher çagalar sungat mekdebiniň müdiri Joşgun Atakow, Sakar şäher kitaphanasynyň müdiri Ogulnyýaz Permanowa, kitaphanaçylar Akgül Ýoldaşowa, Danagül Ergeşowa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Ereş Talypow we beýlekiler çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň şahyryna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň dowamynda çeper höwesjeňler şahyryň durmuşyndan bir parça sahna görkezdiler, goşgularyny labyzly okadylar, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary aýtdylar.