Medeni hyzmat edýäris

5 Aprel 2021
965

Gojaman Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iri ilatly ýerleriň biri-de Guwlymaýakdyr. Bu ýeriň ady guw we maýak sözleri bilen baglanyşyklydyr. Ir döwürlerden asmana uzaýan maýak gijelerine ýalkym salyp, gämilere ýol görkezipdir. Ajaýyp guw sürüleri kenaryň bezegi bolupdyr. Guwlymaýak şeýle hem baýlyk mesgeni hasaplanypdyr, häzirem şeýle.

Guwlymaýakda nahar duzunyň senagat taýdan işlenip çykarylyp başlanaly bäri bir asyrdanam köp wagt geçdi. Bu işi «Guwlyduz» kombinaty ýerine ýetirýär. Duzçular gymmatly önümiň çykarylyşyny artdyrmaga çalyşýarlar. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ilatyny nahar duzy bilen üpjün edýärler. Kärhananyň önümçilik kuwwatynyň artýandygyny-da bellemek gerek. Bu ýerde arassa nahar duzuny, gerdejik görnüşindäki tehniki duzy öndürýän täze sehiň işläp başlanyna köp wagt geçenok. Kärhananyň işgärleri ähli tagallalaryny önümçilik tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirýärler. Önüme bolsa isleg uly.

Nurberdi ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçe medeniýet öýüniň müdiri.