Şirinden mylaýym owazy bardy

31 Mart 2021
1033

Bagşyçylyk sungatynda uly yz goýan Molla Çäkliýew 1933-nji ýylyň fewral aýynda Bereket etrabynyň Ok obasynda eneden dogulýar. Heniz çagaka onuň arassaja kalbyna türkmen dutaryndan çykýan şirin-şirin mukamlar siňipdi. Bar oý-pikirini, küýüni dutar eýeläpdi. Sebäbi onuň dädesi Çäkli aga atly bagşy bolmasa-da, dutary ezber çalardy. Şonuň üçinem öýleriniň mähellesi elmydama ýetikdi. Şol günlerden ol on iki süňňi bilen aýdym-saza berlipdi. Içinden aýdymyň sözlerini gaýtalap, ýat tutup öwrenerdi. Sypyndygy eline dädesiniň dutaryny alyp, ony çaljak bolardy. Oglunyň yhlasyna göz ýetiren dädesi oňa dutar çalmagyň inçe tilsimlerini öwredip ugraýar. Molla obalarynda toý bolup, bagşy aýtsa, hemmelerden öňürti eýýäm şol ýerdedi. Şonuň üçinem Çäkli aga oňa ýörite dutar hem alyp berýär. Molla guzy bakmaga gidende hem dutaryny ýanyndan goýman alyp gider eken.

Geljekki bagşy heniz 18 ýaşyny doldurmanka, maşgalalary häzirki Bereket şäherine göçüp gaýdýarlar. Şol wagtlar etrap medeniýet öýünde çeper höwesjeňler gurnagy açylýar. Molla öz deň-duşlary bilen şol gurnaga gatnap başlaýar. Meşhur bagşy Soltan Atanepesow bolsa olara ürç edip, aýdym-saz öwredýär. Soltan akga oňa: «Molla jan, inim, käbiri iki gün dutar tiňňirdedip, bagşy boljak bolýar.

Serdar ORAZTUWAKOW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.