Beýik şahyra bagyşlandy

1 Aprel 2021
1095

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda Karara gol çekmegi halkymyzyň göwün guşuny göge uçurdy. Bu şanly waka mynasybetli Saýat etrap medeniýet bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde Sakar şäheriniň medeniýet öýünde «Ýüreklerde orun alan şahyrym» atly aýdym-sazly agşam geçirdi. Dabarada Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakow, Sakar şäher çagalar sungat mekdebiniň müdiri Joşgun Atakow, Sakar şäher kitaphanasynyň müdiri Ogulnyýaz Permanowa, kitaphanaçylar Akgül Ýoldaşowa, Danagül Ergeşowa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Ereş Talypow we beýlekiler çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň şahyryna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň dowamynda çeper höwesjeňler şahyryň durmuşyndan bir parça sahna görkezdiler, goşgularyny labyzly okadylar, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary aýtdylar.

Altyn ÖWEZOWA,
Saýat etrabynyň Sakar şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.